Habarlar
16347ed0e14246.jpeg
15-nji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna taýýarlyk maslahatlaşyldy
13.10.22 - 15:48

Çarşenbe güni Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde geçirilen wideoaragatnaşyk görnüşindäki duşuşykda 15-nji «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna (MA-KR) taýýarlyk görmek meseleleri maslahatlaşyldy.


16347b6ed7c569.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» sergisi: innowasiýalar we hyzmatdaşlyk
13.10.22 - 11:57

26-njy oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» diňe bir XXVII Halkara maslahaty däl, eýsem, üç günlük adybir Halkara sergisi hem geçiriler diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.


163468b8f70b94.jpeg
Paýtagtymyzda “Dizaýn — 2022” atly Aşgabat forumy we “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergi geçirilýär
12.10.22 - 12:47

11-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda “Dizaýn — 2022” atly Aşgabat forumy we “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergi açyldy. Paýtagtymyzyň häkimligi bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guran çäresi Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde geçirilýär.


163465884772ab.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy
12.10.22 - 11:02

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de toplumy ösdürmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.


1634656c6222c0.jpeg
Hökümetiň giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň dokuz aýda ösüşiniň netijeleri jemlendi
12.10.22 - 10:55

Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen duşenbe güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.


16346553579bad.jpeg
Türkmenistanda ýanwar-sentýabrda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 % ýokarlandy
12.10.22 - 10:48

2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belledi.


16344ff2ca78ad.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumyna we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergä gatnaşyjylary gutlady
11.10.22 - 10:29

Türkmenistanyň Prezidenti «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumyna we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergä gatnaşyjylary gutlady.


16344fb8e5c78f.jpeg
Türkmenistanyň DIM-inde türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
11.10.22 - 10:13

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Katar Döwletiniň Tütkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Muhammed Meshel Al-Otaibi bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Katara boljak sapary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


16344fa460e6ca.jpeg
Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň geologiýa kolleksiýasynyň üsti täze eksponat bilen dolduryldy
11.10.22 - 10:08

Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Köýtendag daglarynda geologiýa işleriniň barşynda ýüze çykarylan, ýura döwrüne degişli taryhy korallaryň toplanan daşyny berdiler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy habar berýär.


16344f94bb34fd.jpeg
TNGIZT korporatiw awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrmagy meýilleşdirýär
11.10.22 - 10:04

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy kärhananyň işine sanly tehnologiýalaryň binýadynda korporatiw awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.


16343bb4cbe0a4.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini gutlady
10.10.22 - 11:27

Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini gutlady.


16343b91cf1878.jpeg
Serdar Berdimuhamedow halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylary forumyň işine başlamagy bilen gutlady
10.10.22 - 11:18

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara.


1634259d5a6c28.jpeg
Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
08.10.22 - 20:19

7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen resmi däl sammitine gatnaşdy.


163417fbfacb6a.jpeg
Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze merkezinde metjidiň guruljak ýeriniň kesgitlenilmeginiň hormatyna toý sadakasyny berdi
08.10.22 - 18:48

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döreden ajaýyp kitaplary üçin düşen galam haky serişdeleriniň hasabyna Ahal welaýatynyň täze merkezinde metjidiň guruljak ýeriniň kesgitlenilmeginiň hormatyna toý sadakasyny berdi.


1633fecc3897cd.jpeg
«Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşi: hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
07.10.22 - 14:09

5-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.