
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýerli işewürligi hyzmatdaşlyga çagyrýar
08.09.22 - 15:29Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
07.09.22 - 15:03Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.

«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
07.09.22 - 14:51Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.

Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
06.09.22 - 15:39Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.

Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler
06.09.22 - 15:33ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.

Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7 orna çykdy
05.09.22 - 19:34Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7-nji orny eýeleýär. Muňa 29-njy awgustda GlobalPetrolPrices internet-neşiri tarapyndan neşir edilen dünýäde motor ýangyjynyň bahalary hakyndaky maglumatlar şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystan nebitgaz forumyna gatnaşdy
05.09.22 - 19:30«Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde 31-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Tatarystan nebitgazhimiýa forumy – 2022 geçirildi. Oňa iki müňden gowrak wekil gatnaşdy. Türkmenistandan foruma «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygynyň saýtynda habar berilýär.

«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady
05.09.22 - 19:27«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.

«Şatlyk» şypahanasy halkyň hyzmatynda
05.09.22 - 17:40Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda häzirki günlerde ýurdumyzyň dynç alyş, sagaldyş merkezlerinde, şeýle hem pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli şypahanalarda raýatlarymyzyň göwnejaý dynç almaklary hem-de saglygyny pugtalandyrmaklary üçin döredilýän oňaýly şertler hemmelerde kanagatlanma duýgusyny döredýär.

“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
04.09.22 - 20:533-nji sentýabrda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz” ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti geçirildi.

“Wozroždeniýe” tölegsiz esasda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň durkuny täzeler we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrar
04.09.22 - 19:02“Wozroždeniýe” tölegsiz esasda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň durkuny täzeler we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrar.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
04.09.22 - 17:19Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, 2-nji sentýabrda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda birbada güýzlük bugdaý ekişine halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular badalga berdiler.

«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
03.09.22 - 16:39«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.

Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
03.09.22 - 16:33Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.

Talyplar önümçilik tejribeliginde boldular
02.09.22 - 14:39Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary döwletimiziň nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynda önümçilik tejribeliklerini geçdiler. Önümçilik tejribelikleriniň ýangyç-energetika ulgamynyň ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap kärhanalarynda geçirilmegi olaryň nazaryýetde öwrenenlerini önümçilikde pugta özleşdirmeklerine ýardam berýär.