Habarlar
1645b406813c27.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy
10.05.23 - 11:57

9-njy maýda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň iberen çakylygy boýunça 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.


16459b7d579456.jpeg
Eýranyň Türkmenistandaky täze Baş konsuly bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
09.05.23 - 08:02

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Baş konsuly (Mary ş.) Abdolmajid Kamju bilen geçiren duşuşygynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ýokary derejeli gatnaşyklary barada nygtap geçildi.


1645747f5eb208.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Patyşa Karl III we onuň Şazenan maşgalasyna Täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy
07.05.23 - 11:40

6-nji maýda Beýik Britaniýada iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III we onuň Şazenan maşgalasyna Täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy.


1645635a019515.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Britaniýa iş sapary başlandy
06.05.23 - 16:10

5-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow britan tarapynyň çagyrmagy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Beýik Britaniýa ugrady.


16454f58f81c47.jpeg
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% derejede saklanýar
05.05.23 - 17:24

2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% derejede saklanýar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy. Onuň dowamynda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi.


16454f4c676b70.jpeg
Hökümet mejlisinde 2023-nji ýylyň ýanwar-aprelinde nebitgaz toplumynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy
05.05.23 - 17:21

Penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


16454ec6fbf16b.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
05.05.23 - 16:45

4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi.


16453edc32bae2.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Katarda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşdy
04.05.23 - 22:39

Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji maýda Katar Döwletiniň Doha şäherinde BMG-niň Baş sekretarynyň howandarlygynda geçirilen Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşdy.


16452716163f68.jpeg
Türkmenistan we ABŞ hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasyny» we dürli derejedäki özara saparlary guramak boýunça teklipleri işläp taýýarlar
03.05.23 - 19:36

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny”, gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek üçin teklipleri, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda guraljak dürli derejedäki saparlaryň Çarçuwaly meýilnamasyny taýýarlamak baradaky teklipleri makullady.


16448b0c80c111.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma gatnaşyjylary gutlady
26.04.23 - 10:04

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma gatnaşyjylary gutlady.


16446f0d6b4394.jpeg
Türkmenistan «ýaşyl tehnologiýalar» we sanlylaşdyrma ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlygyny tassyklady
25.04.23 - 02:12

Türkmenistan «ýaşyl tehnologiýalar» we sanlylaşdyrma ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sanly we “ýaşyl” özgertmeler meselelerine bagyşlanan 70-nji mejlisinde eden çykyşynda belledi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


1643efadc2add5.jpeg
Aşgabatda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň, şol sanda gaz ulgamynda hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
19.04.23 - 01:17

Duşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygynda parlamentara, kanun çykaryjylyk we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.


1643d516330cfc.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işiniň ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlenildi
17.04.23 - 19:02

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geen şenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy.


1643d4fd650260.jpeg
Türkmenistanyň we Pakistanyň diplomatlary nebitgaz we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
17.04.23 - 18:55

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Pakistanyň daşary işler döwlet ministri Rabbani Har bilen geçiren duşuşygynda energetika we ulag ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.


1643b9ab84f7bd.jpeg
Ýurdumyzda iş kesilen 463 raýatymyzyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsi geçildi
16.04.23 - 11:50

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen 463 raýatymyzyň mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.