Habarlar
163bd47e1dc087.jpeg
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň wekilleri ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar
10.01.23 - 16:11

Duşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýranyň daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mahdi Safari bilen duşuşygynda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we ulag-üstaşyr mümkinçilikleri artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berýär.


163bbefce4e6d2.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: Biz Türkmenistandan Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini artdyrmak meseleleriniň üstünde işleýäris
09.01.23 - 15:43

Türkmenistan we Hytaý gaz ibermeleriniň möçberini artdyrmagyň üstünde işleýärler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Pekinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynda belledi diýip, TDH habar berýär.


163bbde4d8fead.jpeg
«Türkmenistan – Hytaý» gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 350 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi
09.01.23 - 14:28

Ulanylyp başlanyndan häzirki wagta çenli Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 350 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa döwlet saparynyň öňüsyrasynda «Ženmin Žibao» gazetine taýýarlan makalasynda aýdylýar. Makala geçen anna güni «Нейтральный Туркменистан» gazetinde hem çap edildi.


163bb85ba0ae90.jpeg
“Röwşen” hususy kärhanasy Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzeler
09.01.23 - 08:10

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji iýulynda çykaran 195-nji Kararyna laýyklykda, Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek we oňa döwrebap örtügi düşemek hem-de toplumda abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada “Röwşen” hususy kärhanasy bilen goşmaça ylalaşyk baglaşmaga ygtyýar berildi.


163b80e972e13e.jpeg
Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň we HHR-iň Başlygynyň gepleşikleri geçirilýär
06.01.23 - 17:05

Anna güni Pekinde Hytaý Halk Respblikasyna (HHR) döwlet saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler başlandy diýip, TDH habar berýär.


163b80dfc38969.jpeg
Pekinde gol çekilen resminamalaryň hatarynda — «Türkmengaz» DK bilen CNPC-niň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama bar
06.01.23 - 17:03

Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi diýip, TDH habar berýär.


163b80d54f1a63.jpeg
Türkmenistan we Hytaý gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer
06.01.23 - 17:00

Türkmenistan bilen Hytaý gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar.


163b791a6eee6b.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylda kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň, dalaşgärleriň, ordinatorlaryň sany tassyklady
06.01.23 - 08:12

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.


163b6b4fbc35f7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa başlan saparynyň barşynda resminalar bukjasyna gol çekmek meýilleşdirilýär
05.01.23 - 16:31

Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa boljak döwlet saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, saparyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar. Bu barada wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.


163b6b12a87ee7.jpeg
Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
05.01.23 - 16:14

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.


163b141cb30ebb.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy
01.01.23 - 13:18

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy.


163afc5548bdbb.jpeg
Hormatly Prezidentimiz çagalary bilen Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy
31.12.22 - 10:15

30-nji dekabrda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda çagalar toparlarynyň, estrada artistleriniň, teatr we sirk ussatlarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl mynasybetli guralýan baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy.


163afbfcb74fad.jpeg
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
31.12.22 - 09:51

30-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasyndaky ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy.


163ae8fba6fb11.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2-nji ýanwar iş güni däl diýlip yglan edildi
30.12.22 - 12:14

Türkmenistanda 2-nji ýanwar iş güni däl diýlip yglan edildi. Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.


163ae8f520828f.jpeg
Türkmenistanda 2023-nji ýylyň ady saýlandy — «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly»
30.12.22 - 12:12

Türkmenistanda 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçer. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi degişli Karar çykardy we ol anna güni ýurduň merkezi neşirlerinde çap edildi.