Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi
06.10.21 - 11:266-nji oktýabrda Daşkentde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna iki günlük resmi sapary başlandy
05.10.21 - 14:104-nji oktýabr günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti TASS agentligine interwýu berdi
03.10.21 - 14:28Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň Russiýa bilen gatnaşyklaryň dürli ugurlary baradaky sowallaryna jogap berdi, durmuş ýörelgeleri barada gürrüň berdi, şeýle hem Türkmenistanyň Owganystanyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygy barada aýtdy.
2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň şygarynyň we nyşanynyň taslamalary makullanyldy
02.10.21 - 13:50Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan taýýarlanan 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň şygarynyň we nyşanynyň taslamalary hödürlenildi. Şolar geçirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça seçilip alyndy.
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk görülýär
02.10.21 - 10:084-5-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna boljak saparyna görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimize «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly gowşuryldy
27.09.21 - 14:4225-nji sentýabyrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Milli Geňeşiň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşany bolan Altyn şaý milli manadymyzy gowşurmak dabarasy boldy.
Çynar Täjiýewna Rustemowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakyldy
26.09.21 - 20:47Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Täjiýewna Rustemowa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakyldy we oňa «Altyn Aý» altyn medaly gowşuryldy.
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
26.09.21 - 17:4925-nji sentýabyrda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilip, ol döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrüldi.
Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy
25.09.21 - 18:47Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy.
Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň DIM-niň ýolbaşçylary Owganystanyň täze Höküümeti bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
25.09.21 - 03:53BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «C5+1» formatynda geçirilen onlaýn duşuşykda Owganystanyň täze Hökümeti bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi
24.09.21 - 05:2023-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşen BMG-niň Ştab-kwartirasynda geçen hepdede açylan 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
23.09.21 - 14:06Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Perm döwlet milli barlag uniwersitetiniň çäklerinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly çuňňur gynanç bildirdi.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň 15-nji duşuşygyny geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi
23.09.21 - 01:35Türkmenistanyň 2021-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, degişli duşuşygy geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitiň Guramaçylyk topary döredildi
21.09.21 - 23:36Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça öňe süren başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak, şeýle hem Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitine düýpli taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, degişli sammitiň Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi
21.09.21 - 13:31Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi.