«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
01.05.24 - 19:19«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda usuly-okuw maslahaty geçirildi
30.04.24 - 19:53Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda «Gözel tebigatymyzy ýangyn howpundan goralyň!» diýen at bilen usuly-okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň guran çäresine welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, Köýtendag etrabynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Garaşsyzlyk bilen galkynan şahyryň täze kitaby neşir edildi
25.04.24 - 14:59Garaşsyzlyk ýyllarynda ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, umuman, medeniýet we sungat bilen meşgullanýan ähli adamlaryň dürli neşirlerde köpçülige ýetirýän eserlerinde galkynyşyň, ruhubelentligiň, ýurdumyza guwanç, buýsanç duýgusynyň güýçlüdigi mese-mälim görünýär.
Halkara informatika olimpiada gatnaşyjylara söz berýäris
19.04.24 - 16:33Halkara informatika olimpiada gatnaşyjylara söz berýäris.
Maryda ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 2 gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 59-sy ulanmaga berildi
17.04.24 - 17:05Mary şäheriniň Mary – Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan kottejler toplumynyň I tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
USAID-iň YDA Taslamasy rekruting boýunça trening maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar
13.04.24 - 10:15USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) rekruterleri taýýarlamak boýunça trening maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşigini yglan edýär. Treningi üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara hususy kompaniýalarda işe ýerleşmek mümkinçilik beriler.
Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
11.04.24 - 15:53«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Köňül päkliginiň baýramy
10.04.24 - 10:41Şu gün eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde Oraza baýramy giňden bellenip geçiler. Remezan aýynyň her güni mübärek hasap edilýär. Magtymguly atamyz: «Eý, ýaranlar ýat ediň haýry dogada bizni» diýýär.
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
07.04.24 - 20:24Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky üçünji sany çapdan çykdy, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.
Nebitgaz toplumynda hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
06.04.24 - 20:46Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
05.04.24 - 09:16Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
02.04.24 - 10:541-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Döredijilik duşuşygy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy
29.03.24 - 23:41Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki Medeniýet köşgünde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa şäherdäki gaz ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde maslahat geçirildi
29.03.24 - 17:57Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginiň maslahat zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahat geçirildi,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde ylmy-amaly maslahat geçirildi
29.02.24 - 21:51Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, şeýle-de Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, ylmy-amaly maslahat we sergi guraldy.