15-nji saglyk öýüniň baş lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Şemşat SAPARLYÝEWA bilen söhbetdeşlik
Ýurdumyzda ynsan saglygy ähli zatdan ileri tutulýar. Saglygy goraýyş ulgamynda bu babatda uly işler durmuşa geçirilýär.
Aşgabat şäheriniň gözel künjekleriniň biri bolan nebitgaz pudagynyň işgärleriniň ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän 15-nji saglyk öýüniň baş lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Şemşat SAPARLYÝEWA bilen söhbetdeş bolanymyzda, bu hakykata ýene bir ýola göz ýetirdik.
– Şemşat, halkymyzda «Ähli zadyň seresi saglyk» diýilýär. Bu hakda lukman bilen söhbetdeş bolmak has-da gyzykly.
– Saýlan hünäriň eýesi bolup, işlemäge oňyn şertleriň döredilmegi uly bagt. 40 müň ilata ýokary hilli hyzmat etmäge niýetlenen saglyk öýüne ýolbaşçy bolup, 2017-nji ýylyň 17-nji awgustynda işe girişdim. Köpçülikleýin tigirli ýöriş geçirilen şol gün mähriban Prezidentimiziň öz elinden gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» ulagynyň açaryny almak bagty miýesser etdi. Bu saglyk öýi, esasan, nebitgaz pudagynyň işgärlerine niýetlenen. Agzybir işgärlerimiz bilen keseliň öňüni alyş çärelerini geçirmek, ilatyň saglygyny goramak, ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça işleri alyp barýarys.
– Saglyk öýünde döredilen mümkinçilikler barada-da aýdaýsaňyz!
– Hawa, dünýäniň ýokary hilli enjamlary bilen ähli amatlyklar üpjün edilen saglyk öýümizde dürli bölümler, laboratoriýalar hem-de gündizki hassahana bar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller hakda alada ilkinji orunda durýar. Çagalaryň arasynda keseliň öňüni alyş sanjymlary geçirilýär. Şeýle-de, içgeçme keseliniň öňüni almak üçin ýörite düşündiriş işi geçirilýän otag bar. Bu ýere gelýän ilat bilen ulanylýan dermanlaryň düzgüniniň düşündiriş işleri-de geçirilýär. «Fitobar» otagymyzda bolsa, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy-ensiklopedik eserinden peýdalanyp, tebigy ösümliklerden çaý demläp, taýýarlanyş düzgünlerini, bejerijilik aýratynlyklarynyň ähmiýetini wagyz edýäris.
– Häzir howanyň gyzmagy bilen işiňizde gün urmasyndan goranmagyň düşündiriş çäreleri bilen bagly nähili işler alnyp barylýar?
– Ýurdumyzda döwrebap dokma toplumlarynyň birnäçesi bar. Olarda arassa pagtadan jana ýakymly egin-eşikler öndürilýär. Şol egin-eşikler tomsuň yssy howasynda saglyk üçin jana diýseň ýakymly. Şeýle-de, yssy howada ýanyňda içimlik arassa suwy götermek, ýygy-ýygydan suw içmek peýdaly. Saýawan götermegi, kadaly ýagdaýda dogry iýmitlenmegi, esasan, gök önümleri köp iýmegi, olary iýeniňde pugta ýuwup-arassalamagy ýatdan çykarmaly däldigi hakda düşündiriş işlerini-de ünsden düşürmeýäris.
– Şemşat, lukmanlar saglygyň goragçylary. Baş lukman hökmünde işgärleriňiziň saglygyny goramak hakda nähili şertler döredilýär?
– Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde halkymyzyň ählitaraplaýyn döwrebap ýaşaýyş derejesi ýokary hilli üpjün edilen. Işgärlerimize dynç alyş döwründe ýurdumyzyň döwrebap şypahanalarynda, dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde saglygyny berkitmäge şertler bar. Kesele garşy ululara-da goranmak zerur. Tejribe-önümçilik merkezinde inçekesel, sarygetirme ýaly dürli kesellere garşy sanjymlar geçirilýär. Işgärlerimiziň ählisi wagtynda saglyk barlagy gözegçiliginden geçip durýarlar.
– Şemşat, ýurdumyzyň Mejlisiniň deputaty, halkymyzyň saýlan wekili hökmünde-de aýtjak gürrüňleriňizi diňlemek täsirli.
– Ilki bilen Gender deňligi barada kanunyň kabul edilmegi hakda aýdasym gelýär. Zenanlar bilen erkekleriň deňhukuklylygy ýurdumyzda zenanlara belent mertebe bagyşlanýanlygyny görkezýär. Zähmet haklarynyň deňligi, dürli wezipelerde erkek kişiler bilen deň derejede işlemäge kanun taýdan hukuklylygymyz biz – zenanlara goýulýan hormatyň subutnamasydyr. Nesil terbiýesiniň sagdyn bolmagy üçin ählitaraplaýyn mümkinçilikler döredilýär.
Enäniň we çaganyň saglygynyň goraglylygy hakda döwletimiziň kanunçylyk ulgamy bilen sazlaşykly ýagdaýda halk bähbitli işler amala aşyrylýar. Halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada gyzgyny bilen ilata düşündirmek biz – deputatlaryň borjy. Şunda, ilkinji nobatda, saglyk ulgamy bilen bagly kanundyr kararlary bu ugurdan hünärmenleriň arasynda giňişleýin düşündirýäris.
– Söhbetdeşligimiziň ahyrynda lukman hem ene hökmünde arzuwlaryňyzy diňläýsek!
– Eneleriň baş arzuwy ýurduň asudalygy. Asudalygyň bar ýerinde saglyk, gülläp ösüş bar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhly kämil terbiýesi hakda uly aladalar edip, giň şertler döredýän hormatly Prezidentimiziň ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Söhbetdeş bolan Akgül SAPAROWA,
USSAT NEWS.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.