Habarlar

SUW ARASSALAÝJYLARYŇ GOŞANDY

https://www.ussatnews.com/storage/posts/12549/original-169dfab9a9d889.jpeg

Ýurdumyzda uglewodorod çig malynyň çykarylyşynyň artdyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň iri we öňdebaryjy önümçilik düzümi bolan

«Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Munuň özi müdirligiň gazçylary bilen olara durmuş taýdan hyzmat edýän edaranyň işgärleriniň bir maksat ugrunda agzybirlikli çekýän zähmetiniň miwesidir. Çünki edaranyň suw, bug üpjünçilik sehiniň suw arassalaýjy desgalarynyň işgärleri müdirligiň edara-kärhanalaryny ýylyň bütin dowamynda arassalanan suw bilen bökdençsiz üpjün edýärler.

«Hanhowuz» suw arassalaýjy desgasy sehiň iň baýry kärhanasydyr. Kärhananyň önümçilige girizilmegi mundan ýarym asyrdanam köpräk wagt ozal Gündogar Şatlyk hem-de Günbatar Şatlyk gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilip başlanylan döwri bilen pugta baglanyşyklydyr. Şu geçen döwür içinde suw arassalaýjy desga «Marygazçykaryş» müdirliginiň ýokarda ady agzalan gaz känlerini, olaryň gaz toplaýjy önümçilik nokatlaryny arassalanan suw bilen ýeterlik möçberde üpjün edip gelýär. Desganyň kuwwatly suw geçirijisiniň uzynlygy elli dört müň sekiz ýüz metre deňdir. Elbetde, uzak ýyllaryň dowamynda saz, durnukly işledilip, geçiriji arkaly suwuň ýeterlik möçberiniň akdyrylmagynyň üpjün edilmeginde kärhananyň tejribeli hem ýaş işgärleriniň her biriniň mynasyp goşandynyň bardygyny aýtmak gerek. Kärhananyň suw göteriji hem-de suw sorujy enjamlarynyň maşinistleri Bäşim Abdyýew, Ata Nursähedow, Muhammet Mommyýew, Süleýman Baýramow, enjamlary bejerijiler Begenç Çaryýew, Maksatgeldi Garryýew we beýlekiler geçirijiniň ugrunda, bellenilen meýilnama laýyklykda, bejeriş-abatlaýyş işlerini ýokary hilli geçirýärler.

Hünärmenlerdir işçileriň ýigrimi dördüsiniň zähmet çekýän ýeri bolan bu kärhanada iş wahtalaýyn usulda — iki iş çalşygynda alnyp barylýar. Desga suw Garagum derýasyndan getiriji akaba arkaly getirilýär. Şonda suw tebigy usulda belli bir derejede durlanýar. Suw birinji suw göteriji enjam arkaly ikinji suw göteriji enjama berilýär we şondan göwrümi iki müň kub metr bolan suw saklaýjy hem durlaýjy howza akdyrylýar. Howuzda bildirilýän talaplara laýyk birkemsiz durlanan suw soňra geçiriji arkaly sarp edijilere ugradylýar. Arassalanan suwuň sarp edijilere ýetirilişi kärhananyň işgärleri tarapyndan gije-gündiziň dowamynda pugta gözegçilikde saklanylýar. Häzirki wagtda suw desgasy diňe bir «Marygazçykaryş» müdirliginiň gaz desgalaryny däl, eýsem, «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Şatlyk» önümçilik edarasyny-da arassalanan suw bilen üpjün edýär.

— Tomus pasly sarp edijiler tarapyndan suwuň köp sarp edilýän döwri. Şoňa görä, kärhanamyzyň işgärleri suw sorujylary, suw göterijileri tehniki taýdan pugta gözden geçirip, enjamlary jogapkärli döwre birkemsiz taýýarladylar. Bellenilen iş meýilnamasyna laýyklykda, suw geçirijiniň degişli ýerlerinde bejeriş-abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi. Geçirijiniň on sekizinji kilometrliginden ýigrimi iki kilometrligine çenli bir müň bir ýüz metr aralygynda ulanyş möhleti geçen turbalara derek göwrümi 377 millimetr bolan täze turbalar gurnaldy. Geçirijiniň ýigrimi bäşinji kilometrliginiň bolsa bir ýüz elli metrliginde durkuny täzelemeklige degişli bolan turbalara derek göwrümi 377 millimetr bolan turbalar kebşirlenilip goýuldy. Mundan daşary suw geçirijiniň degişli ýerlerine bejeriş işleri geçirildi. Meýilnama laýyklykda, şu we beýleki iş çäreleri şu ýylyň tomus paslynda sarp edijileri arassalanylan agyz suw bilen bökdençsiz üpjün etmegimize şert döreder — diýip, «Hanhowuz» suw arassalaýjy desgasynyň uly ussasy Maksatgeldi Garataýew gürrüň berýär.

Başga habarlar
16a243c1341ebe.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň bäş aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi

5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


16a24385f9fdbb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy

6-njy iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


16a2303916bc20.jpeg
Ýaş tebigatçylar üçin ylmy-amaly gezelenç guraldy

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly ekologik çäre geçirildi.

16a20699e9c29c.jpeg
Balkanabatda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi

Balkan welaýatynyň merkezi bolan Balkanabat şäherinde «AssA» tans studiýasynyň Çagalary goramagyň halkara güni we tomusky dynç alyş möwsümi mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Bu ýatda galyjy çäre şäheriň ýaşaýjylary we ýaş tomaşaçylar üçin ajaýyp sowgat boldy.


16a1fcc680eb8d.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Kemal Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Azerbaýjanyň Baku şäherinde 2026-njy ýylyň 1-3-nji iýuny aralygynda geçirilýän Energiýa hepdeligi (Baku Energy Week) iri energetika çäresine gatnaşýar.