Makalalar

Daşoguz» şypahanasynda ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenilýär

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1399/original-160cf4066baa60.jpeg

4,5 gektar meýdany eýeleýän iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen doly üpjün edilen «Daşoguz» şypahanasynda saglygyny dikeltmäge hem-de dynç almaga gelýänlere halkara derejesinde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenilýär.

Şypahanada daýanç-hereket synalarynyň keselleri, artroz, şikesden soňky artrit, spondilýoz, spondilopatiýa, spondiloartroz, osteohondroz, muskul we süňk keselleri, kontraktura, osteomiýelit (ýarasyz), radikulit, poliradikulonewrit, polinewrit, şikesden soňky newritler, merkezi nerw ulgamynyň keselleri we döwükden soňky ýagdaýlar, sowuklama, önelgesizlik, deri keselleri, peşew bölüp çykaryş ýollarynyň keselleri, babasil kesellerinden sagaldyş işleri amala aşyrylýar.

Şypahananyň ähli bölümleri dünýäde meşhur lukmançylyk enjamlaryny we tehnologiýalaryny öndürýän «Siemens», «Hab-Herman» (Germaniýa), «Akwamassaž» (ABŞ), «BTL» (Beýik Britaniýa) we beýleki öňdebaryjy kompaniýalaryň döwrebap enjamlary bilen doly üpjün edilendir. Munuň özi ýokarda bellenip geçilişi ýaly, dürli keselleri talabalaýyk anyklamakda we netijeli bejermekde giň mümkinçilikleri döredýär.

Bu ýerde öz saglygyny dikeltmäge gelýän raýatlarymyz bejerginiň bir tapgyrynyň dowamynda palçyk bilen günaşa bäş bejergi we şonça-da suwly wanna alyp bilýärler. Şypahanada saglygyny dikeldýänler melhemlik otlaryndan wannalar, bejeriş wannalary, ýod-bromly mineral suwly wannalar, otly wannalar, ozokerit, Mollagara palçygy ýaly melhemlerden hem-de owkalamak, iňňe terapiýasy we elektrik togy, şeýle-de, bedenterbiýe we saglygy dikeldiş otagy arkaly berilýän toplumlaýyn bejergilerden doly şypa tapyp bilerler. Olara tejribeli lukmanlar we şepagat uýalary ýokary derejede şypahana hyzmatyny edýärler.

Saglygyny dikeltmäge hem-de dynç almaga gelýän bagtyýar ildeşlerimiz şular ýaly ajaýyp mümkinçilikleri bolan döwrebap şypahana toplumyny gurduryp beren Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdýarlar.

Muhammetnur BÄŞIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.

16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.