Makalalar

SÖZLEMEGIŇ, GÖZLEMEGIŇ, TAPMAGYŇ USSADY

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1795/original-161336f1878c3a.jpeg

...Ol hut şu ussatlygy bilen türkmen telewideniýesiniň altyn hazynasyny ýene-de baýlaşdyrdy. Şol ussatlygy bilen ol döreden we alyp baran telegepleşikleriniň her birinde tomaşaçynyň ýüregine barýan ýoly, «mawy ekran» muşdaklarynyň kalbynyň teýinde ýygşyran pynhanlyklaryny «okamagy» başardy. Ol gepleşik taýýarlamagyň hatyrasyna mikrofon öňüne barmandy ýa-da onuň bu ýoly saýlamagyna hiç hili zerurlygam bolmandy. Nijeme ýyl ekranlardan düşmedik «Abadany» abadan eden, türkmen milliligini dünýä tanadan «Medeni mirasym – milli baýlygym» gepleşigini döreden we alyp baran halypa teležurnalist, hakykatdan-da, ähli hünärleriň hünärmenidi. Gürrüňiň kim hakda boljakdygyny eýýäm aňan bolsaňyz gerek?!

Bägül Nurmyradowa diýlende, sungat, edebiýat bilen öz «dilinde» gürleşip bilýän halypa, onuň gözlegleriniň netijesi bolan «Edebim — mertebäm», «Ruhy hazyna», «Syrly göçüm», «Medeni miras», «Menzillerden-menzillere», «Gözbaşlar»...ýaly telegepleşikler hakydaňa gelýär. «Miras» teleýaýlymynyň başlygy bolup işlän döwürlerinde ýaýlyma giden bu gepleşikler öňünde goýan her bir maksadyna ýetmäge ymtylýan, öz-özüne dogry sowallary berip, onuň jogabyny agtaryp, gözläp, tapyp bilýän halypanyň irginsiz yhlasynyň miweleridir.

Eýsem, döwür bilen aýakdaş ýörän halypa teležurnalistiň çagalykda aýdymçy bolmak isländigini köpler bilýärmikä? Ýöne Bägüliň bu arzuwyna durmuş öz düzedişini girizipdir. Kiçiräk sahnalarda ilkinji çykyşlaryny görkezse-de, agasy Atabaý Çarygulyýew ýaly türkmen estradasynyň ýyldyzyna öwrülmek islegi. Bägüliň daýysy hem şygyrlary bilen islendik ýüregi elendirmegi, begendirmegi başaran Gurbannazar Ezizow. Üns berdiňizmi? «Dury gözbaş — arassa akaba» diýen sözüň ýönelige döremändigine göz ýetirdiňizmi?!

Häzirki zaman habar ulgamyndan, baý, türkmen diliniň çeperçilik serişdelerinden başarjaňlyk bilen ýerlikli peýdalanýan, ýurdumyz, şol sanda halkara derejesindäki düýpli, täsirli telegepleşiklerini operatiw-derhal taýýarlamagy başaran türkmen žurnalisti Bägül Nurmyradowa hakda aýdara-diýere zat örän köp. Häzirki wagtda döwrümize belli alypbaryjylaryň we diktorlaryň nijemesiniň halypasy ol! Köp wagt ýokary döwlet işlerinde zähmet çeken halypanyň ýardamy bilen türkmen telewideniýesiniň täze keşbi peýda boldy. Ol bu jogapkärli wezipelerde özüne edilen ynamy aňryýany bilen ödemegi başardy. Bu döwürde edilen işleriň islendigini alsaňam, Bägül Nurmyradowanyň döwlet syýasatyna ygrarlydygy öz-özünden düşnükli bolup dur. Onuň degişli ulgamda bitiren hyzmatlary üçin, 2006-njy ýylda Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni, 2009-njy ýylda «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň II derejeli «Altyn asyr» ordeni atly döwlet sylaglary bilen sylaglanandygyny aýratyn bellemelidiris.

Halypanyň ýokary adamkärçiligi onuň daşyna intellektual jemgyýetiň wekillerini ýygnady. Olaryň arasynda mugallym, alymam, şahyram, ýazyjy-da, daýhanam, lukmanam bar. Olaryň ählisi oňa şahandaz, pespäl, ýürekdeş hem mähriban ynsan, zehinli, bijaý sowatly, okumyş, dogruçyl adam hökmünde baha berýärler. Ulumsylyk, hondan bärisi bolmak, badyhowalyk, göriplik ýaly häsiýetler onuň üçin düýbünden nätanyş. Ýüregi ýumşak, şägirtleriniň sähelçe üstünligine-de onuň özünden beter begenmegi başarýar. Iň esasy zat bolsa, onuň köpüň alkyşyna hem-de minnetdarlygyna mynasyp bolmagy aňryýany bilen başarýanlygyndadyr.

Bägül Nurmyradowa häzir Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda zähmet çekýär. Ol hiç wagt medeniýetden, sungatdan, kitapdan daşlaşyp bilenok. Halypa örän köp okaýar. Beýlekilere-de köp okamaklygy ündeýär. Onuň “Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Allaberdi Haýydow Doglan gününiň 85 ýyllygyna, “Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannbazar Ezizow (Doglan gününiň 75 ýyllygyna) , “Şahyra Ogulsoltan Tagandurdyýewa Doglan gününiň 80 ýyllygyna Bibliografiýa görkezijileri, “Bitarap Türkmenistan (Türkmenistanda Bitaraplyga bagyşlanan edebiýatlaryň bibliografiki görkezijisi), “Garaşsyzlyga guwanmak bagtdyr”, “Aşgabat Aziýanyň merjeni (2010-2016-njy ýyllar), “Aşgabat Aziýanyň merjeni (2017-nji ýyl – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary), “Göwün otyr Aý içinde” (Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň 2015-2018-nji ýyllarda döreden eserleri), atly Bibliografiýa görkezijileri, “Döwrebap kitaphanalar we häzirki zaman okyjylary”, “Häzirki zaman habarlar giňişligi: kitap we okaýyş medeniýeti” atly usuly-bibliografiýa gollanmalary medeniýet we sungat ulgamyna gollanma boljakdygyna umyt bildirýäris.

Kalby ylhamly halypa Bägül Nurmyradowa elli ýaşyň sepgidine ýetdi. Oňa mundan beýläk-de diňe üstünlikleri, rowaçlyklary, şowlulyklary arzuwlalyň!

Ömür çarhyňyz uzak-uzak ýyllar aýlanyp dursun, halypa!

Atajan EÝÝUPOW, žurnalist.

Başga makalalar
1683845ca982c3.jpeg
Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.


1682eb899de9c6.jpeg
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny

Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar.


1682339af97470.jpeg
Türkmenistan amala aşyrýan iri taslamalarynda ekologiýa syýasatyny ileri tutýar

Soňky ýyllarda tükeniksiz çeşmelerden alynýan «ýaşyl» energiýa (gaýtadan dikeldilýän energiýa) bolan gyzyklanma bütin dünýäde, şol sanda biziň Garaşsyz ýurdumyzda barha ýokarlanýar.

167a0e0b8f26c1.jpeg
Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar

Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.


167743b6e67be4.jpeg
Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)

Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem: