Makalalar

OGT-2020 maslahaty – dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde

https://www.ussatnews.com/storage/posts/201/original-15fab7938653e3.jpeg

28 – 29-njy oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy -2020” atly XXV Halkara maslahaty nebitgaz işewürliginiň dünýäsinde möhüm waka öwrüldi. Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdelerinde çap edilen köpsanly habarlardyr makalalar munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Ýewropa, Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň esasy habarlar agentlikleri we ýöriteleşdirilen pudaklaýyn neşirleri OGT-2020-niň açylyşy barada habar bermek bilen Maslahatyň her ýyl geçirilýändigini hem-de nebitgaz pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny berkitmäge we ösdürmäge ýardam edýän abraýly işewürler forumy bolup durýandygyny belleýärler. Şu ýyl Forum ilkinji gezek onlaýn görnüşde geçirilip, oňa dünýäniň 30 döwletinden iri kompaniýalaryň 100-si gatnaşdylar.

Hytaýyň merkezi teleýaýlymy (CCTV) hem-de Chinanews (Hytaýyň täzelikler gullugy) “Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy – energetika howpsuzlygynyň we durnukly ösüşiň kepili” maslahatyň esasy mowzugy bolandygyny bellediler.

““Uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmaga gönükdirilendir. Köpugurly gaz geçiriji ulgamyň döredilmegini, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini bu ugurda geçirilýän möhüm işler hökmünde görkezmek bolar. Häzir biziň garaşsyz döwletimiz “mawy ýangyjyny” Ýewropa, Merkezi hem-de Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna iberýän döwletleriň hataryna girýär” diýip Hytaýyň habar beriş serişdeleri Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyndan setirleri mysal getirdiler.

Habarlarda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) gurluşygyna aýratyn üns berilýär, ol sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berer.

“Hytaý Halk Respublikasy bu gün türkmen tebigy gazyny uly möçberde satyn alýan ýurt bolup durýar. Türkmenistan geçiriji turbalar arkaly HHR-ne her ýyl 40 milliard kub metre golaý gaz iberýär” diýip, CCTV we Chinanews wise-premýer M. Meredowyň “OGT-2020”-de eden çykyşyna salgylandylar.

«Сentralasia.news» saýty öz okyjylaryny Forumyň işi bilen dessin tanyşdyrdy. “Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy Aziýada parahatçylygyň girewine öwrüler. Ýurt bitaraplyk syýasatyny we öňüni alyş diplomatiýasy ýöredýär, netijede Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) gurluşygy ýaly iri taslamalar amala aşyrylýar, ol Aziýanyň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berer” diýlip habarlaryň birinde nygtalýar.

“Türkmenistanyň dünýäniň energetika giňişliginde eýeleýän orny ýokarlandy. Halkara “energetika” gatnaşyklarynda ýurduň abraýynyň artmagyna onuň içindäki durnukly ykdysady we syýasy ýagdaý sebäp boldy” diýip, «SNGToday» internet-neşiri belleýär.

Dünýäniň gaz bazarlaryndaky ýagdaý žurnalistlerde we bilermenlerde aýratyn gyzyklanma döredýär. «Zawya» (BAE), «Trade Arabia» (Bahreýn), «The Peninsula» (Kаtar), SweetCrude Reports (Nigeriýa) hem-de dünýäniň beýleki käbir habar beriş serişdeleriniň habar berşi ýaly, Gaz eksport edýän ýurtlaryň forumy (GECF) 2020-nji ýyldan 2050-nji ýyla çenli döwürde tebigy gazyň çykarylyşynyň 50 göterimden gowrak artjakdygyny çaklaýarlar. Bu barada GECF-niň Baş sekretary Ýuriý Senýurin “Türkmenistanyň nebiti we gazy -2020” atly XXV Halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Şeýle hem ady agzalan neşirleriň belleýşi ýaly, GECF dürli ýurtlaryň hem-de Türkmenistan ýaly esasy önüm öndürijileriň gaz ulgamynda amala aşyrýan taslamalaryna ýardam etmäge taýýardyr, bu döwlet “mawy ýangyjyň” tassyklanan gorlary boýunça dünýäde dördünji orny ynamly eýeleýär hem-de onuň çykarylyşyny üznüksiz artdyrmak bilen, maýadarlary we tehnologiýalary özüne çekýär.

«GECF Global Gas Outlook 2050» neşirinde çap edilen maglumatlara görä Türkmenistanda tebigy gazyň çykarylyşy 2050-nji ýyla çenli 78 göterim artyp, 141 milliard kubmetrden gowrak derejä ýetmeli. Ýakyn geljekde göz öňüne tutulan ähmiýetli taslamalaryň hatarynda Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň düzümini giňeltmek, TOPH-ny gurmak we beýleki işler bar.

“Aşgabatda iki gün dowam eden “Türkmenistanyň nebiti we gazy -2020” atly maslahat Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan guraldy hem-de sebit we halkara energetika kompaniýalarynyň, şol sanda CNPC, Dragon Oil, Socar, Eni, Areti, Schlumberger, Hyundai ýaly kompaniýalaryň ünsüni özüne çekdi» diýip, Ýakyn Gündogaryň habar beriş serişdeleri belleýärler.

Ussat news

Başga makalalar
1683845ca982c3.jpeg
Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.


1682eb899de9c6.jpeg
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny

Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar.


1682339af97470.jpeg
Türkmenistan amala aşyrýan iri taslamalarynda ekologiýa syýasatyny ileri tutýar

Soňky ýyllarda tükeniksiz çeşmelerden alynýan «ýaşyl» energiýa (gaýtadan dikeldilýän energiýa) bolan gyzyklanma bütin dünýäde, şol sanda biziň Garaşsyz ýurdumyzda barha ýokarlanýar.

167a0e0b8f26c1.jpeg
Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar

Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.


167743b6e67be4.jpeg
Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)

Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem: