Makalalar

Zehinli ýeňiji çaga

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2223/original-1618b8e40cb9cf.jpeg

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda çagalar hem öz ýürek buýsançlaryny, kalbynyň joşgunyny, Gahryman Arkadagymyza çäksiz guwançlaryny ýurdumyzda geçirilýän dürli bäsleşiklerde goşgularyň, hekaýalaryň we makalalaryň üsti bilen beýan edýärler.

«Güneş» žurnalynyň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda «Arkadagly eziz Diýar — Watanym, Garaşsyzlyk bilen bagta ýetenim» diýen at bilen yglan edilen çeper döredijilik bäsleşigi geçirildi. Baýrakly orunlary alan ýeňiji çagalaryň arasynda Aşgabat şäherindäki 37-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Aýlar Ataýewa hem öňe saýlandy.

Aýlar goşgularynda milli Liderimiziň çagalar üçin edýän atalyk aladasyna öz ýürek buýsanjyny beýan edýär.

Aýlar Ataýewa ýeňiji diýlip yglan edilip, Hormat hatyna we ýadygärlik sowgada mynasyp boldy. Biz ony tüýs ýürekden gutlaýarys. Şeýle hem onuň galamynyň ýiti, baýraklarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.

Selbi HOJAÝEWA,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.


16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.

169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.