Türkmen keçesi
Keçe türkmeniň amaly-haşam sungat daragtynyň beýleki şahalary ýaly, gadymy hem müdimi sungatdyr. Türkmen keçesi halkymyzyň baý milli mirasy, gözüniň guwanjy we baýlygydyr.
Ene-mamalarymyz gadymyýetden bäri keçe taýýarlamakda esasy çig mal hökmünde saryja goýnuň ýüňüni ulanýarlar. Keçeler öz taýýarlanyş aýratynlygy boýunça dürli görnüşlere we atlara eýedir. Meselem, namazlyk, gülli keçe, düýp keçe, ýan keçe, ojakbaşy, gara keçe, at keçe, tegelek keçe, sallançak keçe, sep keçe, durluk we başgalar. Namazlykdan başga ähli keçe görnüşleri, esasan, güýz gyrkym goýun ýüňünden taýýarlanyp, diňe güllükleri ýaz gyrkym ýüňünden edilýär.
Zähmetsöýer gelin-gyzlarymyzyň irginsiz zähmeti bilen gül keşbine meňzäp duran keçeler güneşe baý ülkämiziň ähli ýerinde öýlerimiziň törüni bezeýär. Keçäniň taýýarlanyş usuly ähli ýerde birmeňzeş bolsa-da onuň nagyşlarynda, ölçeginde we agramynda tapawut bardyr. Meselem, ýurdumyzyň günbatar künjeklerinde taýýarlanylýan keçeler özüniň diňe bir nagyşlary boýunça däl, eýsem, göwrümi, hili bilen-de beýlekilerden tapawutlanýar. Bu ýerde, esasan hem kenarýaka sebitlerinde, keçäniň iki ýüzi hem nagyşlanylýar, olar göwrüm taýdan has uly we ýumşagrak bolýar. Balkanly eli çeper zenanlar edil halydyr palaslarynda bolşy ýaly, keçä nagyş salanda-da öz ýaşaýan künjeginiň tebigaty, haýwanat dünýäsi bilen baglanyşdyrýarlar. «Saryiçýan» nagşyny mysal hökmünde alsak, ol hakykatdan-da guýrugyny galdyryp duran içýana meňzeşdir.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde basylýan keçelerde salynýan «gülýaýdy» nagşy güneşli ülkämiziň tebigatynyň gözelligini, lälezarlygyny beýan etse, «daragt» nagşy türkmeniň ömür agajynyň manysyny berip, onuň dowamat-dowamlylygyny aňladýar. Türkmen keçesine aýratyn görk berýän «äşe», «älem», «goçak», «bäş aýlam», «buýnuzly», «goşa ýürek», «hamtoz», «tazyguýruk», «düýeboýun» ýaly esasy nagyşlar hem biri-birinden owadan.
Gadymy döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten keçe ynsanyň saglygy üçin örän ýaramlydyr. Aýratyn-da ol çygy özüne çekýänligi üçin guragyryda we sowuklamada peýdalydyr. Şonuň üçinem ir döwürlerde ata-babalarymyz ak öýleriň içine keçeleri gat-gat düşäp, üstüne haly ýazypdyrlar. Öýüň gapdallaryny, üstüni-de ak keçe (durluk) bilen örtüpdirler. Şeýlelikde, keçe geçmişde gyşyň aýazly günlerinde türkmeniň öýüni ýyly saklap, tomsuň jokrama yssysynda gyzgyn sörtükden, ýelli, ýagmyrly howada-da tebigatyň görkezýän «oýunlaryndan» gorapdyr. Häzirki wagtda bolsa ol şäher we oba öýlerinde ýylylyk hem rahatlyk döredip, ýere düşemegiň serişdesi bolup hyzmat edýär. «Düýp keçe» çeper elli zenanlarymyzyň myhman otaglary üçin niýetläp taýýarlaýan keçesidir. «Ýan keçeler» saçagyň töweregine düşelýär. Bulardan başga-da, on barmagy hünärli zenanlarymyz keçeden namazlyk, atlar üçin içirgi, at keçe, dürli torbalary, gapjyklary, ýyly, ýumşak, keşdeli aýakgaplary we beýleki zerur zatlary ýasaýarlar.
Taýýarlan Maral GELDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.