Geologiýa pudagynda alnyp barylýan we meýilleşdirilýän işler
Garaşsyzlyk ýyllarynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologlary Gahryman Arkadagymyzyň goldawy esasynda ýurduň ýerasty gurluşyny we onuň baýlyklaryny öwrenmekde, mineral çig mal binýadyny döretmekde, ösdürmekde ägirt uly meýilnamalaýyn işleri amala aşyrýarlar. Ýurdumyzyň mineral çig mal serişdeleriniň ýagdaýy hereket edýän senagat kärhanalarynyň geljekde uzak wagtlap we ygtybarly işlemegini hem-de olaryň kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.
Geologiýa gözleg-barlag işleriniň netijesinde dünýä derejesinde seýrek duş gelýän «Galkynyş», Döwletabat, Ýaşlar, şeýle hem Garabil — Gurrukbil, Zäkli — Derweze, Garajaowlak, başga-da birnäçe gazkondensat ýataklar toplumy soňky onýyllyklarda barlanyldy we üsti açyldy. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilen seýsmiki barlag işleriniň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň amala aşyran çuň buraw işleriniň netijesinde Türkmenistanyň günorta-günbatarynda Uzynada gazkondensat ýatagynyň üsti açyldy.
2019 — 2025-nji ýyllarda göz öňünde tutulan nebit we gaz geologiýa-gözleg işleriniň maksatnamasy ýurdumyzyň nebitgaz çykaryjy pudaklary üçin ygtybarly çig mal binýadyny döretmekde ileri tutulýan ugurlary esaslandyrmakdan ybaratdyr.
Günbatar Türkmenistanda geologiýa-gözleg işleriniň, iki ölçegli we üç ölçegli seýsmiki barlag hem-de çuň gözleg-barlag buraw işleriniň geçirilmegi Balkanýaka we Gögerendag — Ekerem sebitlerindäki uzak wagtyň dowamynda işlenilip gelinýän nebitgazly ýataklaryň çäklerinde we olaryň töwereklerinde (Garabogazýaka we Aladag-Messerian zolaklary) uly çuňluklarda ýerleşen täze, önümli gatlaklary gözlemäge we barlamaga gönükdirilendir.
2025-nji ýyla çenli suwuk we gaz görnüşli uglewodorod gorlarynyň artdyrylmagy üçin aşaky gyzylreňk çökündileriniň burawlanyp öwrenilmedik böleginde täze ýataklary goşmaça gözlemegiň we barlamagyň hasabyna miosen gatlagynyň uly çuňluklarda ýerleşen çökündilerindäki iri uglewodorod toplanmalaryny özleşdirmek bilen bir hatarda, geologiýa-gözleg işleriniň möçberini giňeltmek göz öňünde tutulýar.
Gögerendag — Ekerem gaznebitli sebitinde öň açylan nebitgaz ýataklarynyň töwereginde önümli gatlaklarda barlag we goşmaça barlag işlerini hem-de olaryň töweregindäki gurluşlarda gyzylreňk çökündileri boýunça gözleg işlerini, şeýle hem nebitgazlylygy subut edilen miosen çökündilerinde we Aladag — Messerian zolaklarynda iki ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek hem-de goşmaça jikme-jik meýdan geofizika barlaglary miosen we ondan aşakda ýerleşen burawlama bilen ýetilen çökündileriň geologik gurluşynyň aýratynlyklaryny takyklamaga mümkinçilik berer.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde 250 inedördül km meýdanda 3D ölçegli hem-de Günorta Burun meýdançasynda uzynlygy 245 km meýdanda 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär.
«Galkynyş», Ýaşlar gaz känlerinde we Merkezi Türkmenistanyň gazly we nebitgazly zolaklarynda barlag işlerini tamamlamak hem-de üç ölçegli seýsmiki barlag işlerini geçirip, olardaky gaz we nebit gorlaryna gutarnykly baha bermek, şeýle hem ähli töwerekler boýunça gazyň we nebitiň ýaýraýyş serhedini kesgitlemek üçin barlag we goşmaça barlag guýularyny gazmak, gazy gaýtadan işleýän toplumlaryň çig mal binýadyny berkitmek maksady bilen, Naýyp, Bagaja känleriniň töweregindäki gurluşlarda seýsmiki barlag we gözleg burawlaýyş işlerini geçirmek zerur bolup durýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň geologiýa pudagyny sazlaşykly ösdürmek hem-de serişde binýadyny pugtalandyrmak, pudaklaýyn kärhanalaryň we guramalaryň üpjünçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ähli zerur çäreler görülýär. Şeýle hem hereket edýän känlerde nebit we gaz guýularynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitli we gazly meýdanlary öwrenmek ugrunda alnyp barylýan geologik gözleg işleriniň göwrümlerini artdyrmak boýunça ýola goýulýan hyzmatlar degişli derejede alnyp barylýar.
Arslan ANNAMYRADOW,
«Türkmengeologiýa» DK-nyň Geologiki maglumatlary merkeziniň Guýy maglumatlary toparynyň başlygy.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.