Makalalar

Beýikliklere eýe ýurtlar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3238/original-1624d95afef530.jpeg

Tebigy landşaftyň gözelligi, ýerleşýän ýeriniň deňiz derejesinden belentligi ýa-da pesdeligi bilen dünýä ýurtlary babatda aýry-aýry sanawlary düzmek mümkindir. Şeýle-de özlerinde dünýädäki iň bir belent gerişleri saklaýan ýurtlar hem hasaba alynýar.

Şeýle ýurtlaryň arasynda öz aralarynda 8 müň 850 metr bolan belent V gerşi paýlaşýan Hytaý we Nepal bu sanawda ilkinji orunda durýarlar. Öz çäginde 8 müň 611 metr belentlige eýe bolup oturan Pakistan bu sanawda ikinji orunda durýar. Özünde 8 müň 598 metr belentligi saklaýan Hindistan hem bu sanawda üçünji omy eýeleýär.

Şeýle belentlikleriň dünýäde iň beýik Gimalaý, Pamir daglarynda ýerleşýänligi sebäpli, barmasy kyn bolan ýerler hökmünde-de, ýörite syýahatçylyk, dynç alyş ýerleri hökmünde özleşdirilenleri-de bardyr. Ýöne olaryň ählisine mahsus bir aýratynlygy bellemek bolar. 01 hem bu ýerleriň tebigy gözellikleriň akyldan daşary haýran ediji keşbiniň, tämiz ekologiýa şertleriniň jemlenen ýerleridir.

Orazmyrat SAPAROW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
16acd1beb287a4.jpeg
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär

21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.


16ab744755266a.jpeg
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi

23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.


16a7caed96ef8f.jpeg
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.

16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.