Ilkinji radio alyp eşitdiriliş
Habarly jemgyýetde her bir täze habar beriş serişdesiniň ýüze çykmagy aýratyn ähmiýete eýe bolupdyr. Habar berşiň sesli serişdesi bolan radiokabul edişiň ýüze çykmagy, ýaýramagy, tehniki we fiziki taýdan ugrukmagy juda köp alymlaryň we belli bir derejede höwesjeňleriň bir ugra gönügen hyzmatlarynyň netijesidir. Meselem, 1886-njy ýylda nemes fizigi Genrih Gers tejribe esasynda elektromagnit tolkunlarynyň bardygyny subut edipdir. 01 şeýtmek bilen, öň Makswelli tarapyndan bu barada aýdylan ylmy garaýşy tassyklapdyr we radiotolkunlary öwrenipdir. Alym radiotolkunlary almagyň we hasaba almagyň usullaryny hem işläp taýýarlapdyr.
1895-nji ýylda rus alymy Aleksandr Popow dünýäde ilkinji bolup öz döreden radiokabulediş enjamynyň kömegi bilen radio alyp eşitdirişi amala aşyrypdyr.
Şu günki günde habar beriş serişdeleriniň iň bir ösen görnüşleri döredilýär. Häzirki zaman ösüşlerini olarsyz göz öňüne getirmek mümkin hem däl. Yöne şuňa garamazdan, radio alyp eşitdiriş adamzadyň ýakyn hemrasy bolmagyny dowam etdirýär.
Öwezmyrat GURBANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.