Makalalar

Iň beýik telediňler

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3421/original-162702b701a65a.jpeg

Soňky ýüzýyllyk ynsan durmuşyna telewizoryň aralaşmagy ýaly ösüşi bagyş etdi. Şunda ýurtlaryň arasynda iň beýik telediňleri gurmak boýunça bäsdeşlikler ýörgünlidir. Şonuň ýaly-da, bu desgalaryň düzüminde dürli dynç alyş, gezelenç we güýmenje häsiýetli hyzmatlary bilen adygan merkezler we beýleki oňaýlyklar adamlary özüne çekýär.

Dünýäde şeýle beýik telediňleriň sanawynda Ýaponiýanyň «Tokionyň behişdi bagy» atly telediňi öňdäki orunlary eýeleýär. 2012-nji ýylda bina edilen bu telediňiň beýikligi 634 metre ýetýär.

600 metr beýikligi bolan Hytaýyň Guançžou telediňi 2010-njy ýylda bina edildi. Onda dynç alyş meýdançalary, restoranlar we beýleki hyzmatlar ýola goýlandyr. Bu telediň syýahatçylaryň bir ýylda 10 müňden gowragyny çekmäge niýetlenendir.

Kanadadaky Si-En-Tauer telediňi hem özüniň 553,33 metr beýikligi bilen öňdäki orunlary eýeleýär. Ol Ganbatar ýarymşarda iň beýik diň hökmünde hem bellidir. Bu ýerde güýmenmek, gözellikden lezzet almak üçin dürli şertler döredilendir.

Dünýäde iň beýik telediňleriň ilkinji bäşligine, onlugyna girjek beýik telediňleri gurmak diňe bir telewizion alyp görkezmeleri kämilleşdirmegiň täri bolman, eýsem ýurduň ykdysady we medeni ösüşleriniň hem görkezijsi bolup durýar.

Guwanç ATAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk Institutynyň talyby.

Başga makalalar
16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.


169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.

1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.


16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.