Makalalar

Päkiniň döreýiş taryhyndan

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3526/original-162829c4c5c1e4.jpeg

Şahsy arassaçylyk we daş keşbiň gözegelüwli bolmagy üçin adamzat nesilleri has gadymy eýýamlardan aladalanyp başlapdyrlar. Meselem, ynsan durmuşynda saç-sakgal bejermegiň we syrmagyň bize mälim bolmadyk täryhy eýýamlardan başlanandygy çak edilýär.

Ilkibada erkek adamlar saç-sakgal syrmak üçin balykgulaklardan peýdalanypdyrlar. Biziň eýýamymyzdan hem 60 müň ýyl ozal ilkinji patlawuklardan emele gelen tutuk aýna şekilli jisimden (obsidiandan) ilkinji päkileri taýýarlapdyrlar. Agzalan material işlemek üçin ýeňil bolupdyr. Şol sebäpden ondan ýiti päkileri taýyarlamak aýratyn bir hysyrdyly zähmeti talap etmändir.

Gadymy müsürliler hem arassaçylyk üçin saç-sakgal syemagyň tarapdarlary bolupdyrlar. Olar päkini taýýarlamagyň tehnologiýasyny öz zamanlaryna bap kämilleşdiripdirler. Öňki daşdan we süňkden taýýarlanan päkileriň omuny misden taýýarlanan päkiler eýeläpdir. Hatda sakgal syrmak üçin ilkinji kremleri hem oýlap tapypdyrlar. Olar myşýakdan, suw garylan hekden we krahmaldan ybarat bolupdyr.

Saç-sakgal syrmak medeniýeti gadymy Gresiýada Aleksandr Makedonskiý döwründe, gadymy Rimde Gannibal döwründe kada giripdir.

Atageldi POLADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk Institutynyň talyby.

Başga makalalar
169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.

16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.