Il alkyşyna mynasyp gazçylar
«Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynda aýba-aý iş tabşyryklarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginde hem-de tebigy gazy ulanyjylaryň gaz enjamlaryndan ýerlikli peýdalanmagyny gazanmakda edaranyň içeri öý gaz enjamlary gullugynyň işçi-hünärmenleriniň mynasyp paýynyň bardygyny bellemek bolar.
Tejribeli hünärmen Merdan Gutlyýewiň ýolbaşçylygynda nusgalyk işleri alyp barýan bu gullugyň uly ussasy Sadylla Ýusupow, bejeriji slesarlar Baýram Babajanow, Döwran Allaberdiýew, Baýram Piriýew we Şöhrat Hojagylyjow dagynyň hyzmatyndan şäheriň ýaşaýjylary diýseň hoşal. Biz munuň şeýledigine Daşoguz şäheriniň «Nowruz» ýaşaýyş jaý toplumynda ýaşaýan Bäşim Mätiýew we welaýat merkeziniň Gurluşykçy köçesiniň ýaşaýjysy Täzegül Nepesowa dagy bilen gürrüňdeş bolanymyzda hem doly göz ýetirdik. Olar söhbetdeşligimiziň dowamynda edaranyň hünärmenleriniň şäheriň ilatynyň arasynda ýygy-ýygydan bolup, gaz enjamlaryndan hem-de tebigy gazdan peýdalanmagyň düzgünleri, ýangyn we tehniki kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek barada alyp barýan wagyz-düşündiriş işleriniň möhüm ähmiýete eýedigini hoşallyk bilen gürrüň berdiler.
— Häzirki döwürde edaramyzyň gazçylary tarapyndan Daşoguz şäheriniň çäginde bar bolan dürli basyşly bitewi gaz ulgamlarynyň 550 kilometre golaý ýerine, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlarynyň bolsa 445 sanysyna gije-gündiziň dowamynda yzygiderli gözegçilik edilýär. Olardan daşary şäheriň edara-kärhanalarynyň hasabynda-da 110 sany gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlar bolup, olar hem meýilnama esasynda gözegçilikden geçirilip durulýar. Ýokarda agzalyp geçilen gaz geçirijileriň 228 kilometre golaýy ýerasty, 320 kilometrden gowragy bolsa ýerüsti gaz ulgamlarydyr. Şol gaz geçirijileriň we gaz enjamlarynyň kadaly işlemegi welaýat merkeziniň 27800-e golaý hojalygynyň ilatynyň hem-de edara-kärhanalarynyň ýylyň islendik möwsüminde tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün bolmagyny şertlendirýär. Munda edaramyzyň daşary gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjylara gözegçilik gullugynyň öz işleriniň ussady bolan işçi-hünärmenleriniň saldamly paýynyň bardygyny buýsanç bilen aýtsa bolar. Halypa gazçy Kadyrbergen Orunbaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän gullugyň gazçylary häzirki döwürde Daşoguz şäheriniň Görogly, Şagadam, Bitaraplyk köçeleriniň ugrunda hem-de «Nowruz» ýaşaýyş jaý toplumynda we «Gülüstan» şäherçesinde bar bolan ölçeginiň ululygy 57 millimetrden 114 millimetr aralygyndaky gaz geçirijileri we gaz paýlaýjy, sazlaýjy enjamlary düýpli gözden geçirmek, reňklemek işlerini guramaçylykly dowam edýärler — diýmek bilen, «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň baş inženeri Mekan Mämmedow öz gündelik alyp barýan wajyp işleri barada gürrüň berdi.
Edaranyň gazy ýerleşdiriş we hasaba alyş gullugynyň işgärleriniň şäheriň sarp edijilerine berilýän gymmatly «mawy ýangyjyň» hasabyny dürs ýöretmek we tebigy gazyň tygşytly hem-de netijeli ulanylmagyny gazanmak ugrunda durmuşa geçirýän işleri hem aýratyn bellärliklidir. Munuň şeýledigine biz gullugyň başlygy Baýmyrat Esenamanow bilen söhbetdeş bolanymyzda has aýdyň göz ýetirdik. Onuň gürrüňlerine görä, gullugyň Azat Gurbanbaýew, Roza Maşaripowa, Ogulbaýram Töräýewa we Sahy Şyhdurdyýew ýaly barlaýjy hünärmenleriniň birleşen tagallalary netijesinde şäheriň tebigy gazy ulanyjylary bilen aýba-aý hasaplaşyk işleri öz wagtynda amal edilip, «mawy ýangyjyň» ýerleşdirilişinde, tygşytly hem-de netijeli ulanyşynda ýokary netijelere eýe bolunýar. Munuň özi bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy talaplarynyň biridir.
Dädebaý NARTYÝEW,
Ussatnews.com.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.