KHBS-niň özgerdilmegi ýurdumyzyň žurnalistleriniň işiniň netijeliligini artdyrýar

13:30 31.05.2022

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3641/original-16295d22706490.jpeg

Jemgyýetiň ähli ugurlaryny we milli ykdysasyýetiň pudaklaryny sanly ulgama geçirmek bilen bagly bolan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ýylyň 13-nji maýynda geçirilen Hökümetiň mejlisiniň gün tertibine döwlet Baştutany tarapyndan sanlylaşdyrmak meselesiniň girizilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ulgama uly üns berýänligine aýdyň şaýatlyk edýär.

Sanly ulgama geçmek babatda möhüm wezipeler köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde hem goýuldy, soňky ýyllarda olar şol wezipeleri amala aşyrmak üçin öňdebaryjy dünýä tejribesini peýdalanmak bilen, degişli ugurda has işjeňleşdiler. Bu tejribe türkmen jemgyýetiniň industrial ösüş döwründe has möhüm bolup, onda senagat we oba hojalyk önümçiliginiň, ylmyň we tehnikanyň, kommunikasiýa serişdeleriniň ösüşi aýratyn duýulýar, täze köpçülikleýin habar beriş serişdeleri döredilýär, aň we bilim işiniň mümkinçilikleri giňelýär, ilat sany artýar hem-de ömrüniň dowamlylygy uzalýar, durmuş derejesi hem yzygider ýokarlanýar.

Ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň işine öňdebaryjy sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy eziz Diýarymyz, onuň özygtyýarly ösüş ýolunda gazananlary, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ata Watanymyzyň rowaçlygyna, mähriban halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen parahatçylyk we döredijilik syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanan üstünlikleri barada hakyky we dogry maglumatlary dessin ýaýratmak babatda, olaryň strategik ähmiýetini nazara alanyňda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek ylmyň we tehnikanyň ösüşi, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen gös-göni baglydyr.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilen çärelere laýyklykda, şeýle hem iň gowy dünýä tejribesini nazara almak bilen, ýurdumyzyň metbugat habar beriş serişdeleri däbe öwrülen kagyz neşirleriniň sanyny azaldyp, olaryň elektron görnüşini ileri tutdular. Netijede, habarlary tiz ýaýratmak üçin giň mümkinçilikler döredi, abuna ýazylmagyň wagty kemeldi, esasy zat bolsa okyjylaryň, şol sanda daşary ýurtly okyjylaryň sany ep-esli artdy. Şeýlelikde, ýurdumyzyň durmuşy we gazananlary, türkmen halkynyň gadymy taryhy we baý medeniýeti, özboluşly däp-dessurlary hakynda dogry maglumatlary giň halkara jemgyýetçiligine ýetirmek üçin amatly şertler döredi.

Şol bir wagtda gazetleriň we žurnallaryň sanly ulgama geçirilmegi metbugat habar beriş serişdeleriniň işiniň netijeliligine täsirini ýetirip, iş wagtyny we maddy serişdeleri tygşytlamaga, döwrebap media-tehnologiýalary öwrenmäge we ornaşdyrmaga mümkinçilik döredýär.

Okyjylar bilen aragatnaşygyň täze görnüşlerini açmagy hem “täze žurnalistikanyň” artykmaçlygy bolup durýar. Biz, ozal bolşy ýaly, diňe materiallary, fotosuratlary däl-de, eýsem, audiowizual maglumatlary, rolikleri, reportažlary, interwýulary häzirki zaman usulynda bermek mümkinçiligine eýe bolduk. Bularyň hemmesi ýurdumyzyň habar beriş serişdelerine dünýäniň media-bazaryna çykmagyny işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň žurnalistikasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işiň ähli tapgyrlarynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi öz goldawyny berip, dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan halkara bilermenleriň gatnaşmagynda häzirkizaman sanly habar beriş serişdeleri boýunça okuwlary wagtal-wagtal gurap gelýär.

Tehnologik taýdan ösen döwletleriň tejribesinden görnüşi ýaly, habar beriş serişdeleriniň sanly ulgama geçirilmegi köp babatda senagatlaşma döwründe ýurtlaryň ykdysady taýdan ösmegine ýardam edýär. Ýurdumyzda bu ugurda hukuk derejesinde berkidilen yzygiderli we toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, soňky ýyllarda bu ulgama öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny nazara almak bilen, işlenip taýýarlanylan “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda” Kanun, “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanuny (2019-njy ýyl), şeýle hem “Türkmenistanda Internet ulgamynyň ösüşini hukuk taýdan düzgünleşdirmek hem-de internet-hyzmatlaryny etmek hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda”, “Şahsy durmuş we ony goramak hakynda”, “Kiberhowpsuzlyk hakynda”, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda Kanun habar beriş serişdeleri babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär, köpçülikleýin habarlary toplamagyň, taýýarlamagyň we ýaýratmagyň tertibini, habarlary taýýarlaýan we ýaýradýan subýektleriň, žurnalistleriň hem-de olaryň işini kadalaşdyrýan edaralaryň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini kesgitleýär. Kanun – žurnalistleriň hem-de neşirleriň ýolbaşçylarynyň işini, şeýle hem okyjylar bilen özara gatnaşyklary kadalaşdyrýan resminama bolup durýar. Ol dürli neşirleriň ugruny takyk kesgitleýär. Bularyň hemmesi döwletimiziň habar beriş serişdeleriniň netijeli ösmegine giňden goldaw berýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Döredilen amatly şertler ýurdumyzda täze elektron habar beriş serişdelerini açmaga mümkinçilik berýär. Häzir Türkmenistanda garaşsyz saýtlaryň ençemesi hereket edip, olaryň köpüsi diňe ýurdumyzyň däl-de, eýsem, daşary döwletleriň okyjylarynyň arasynda hem meşhurlyk gazandylar. Mysal üçin, turkmenportal.com, arzuw.news, infoabad.com, jeyhun.news, ashgabad.net, turkmeninform.com, orient.tm, ussatnews.com, salamnews.tm we beýleki ençeme habarlar saýtlary demokratik özgertmeleri ösdürmekde, ilatyň syýasy we raýatlyk işjeňligini, Türkmenistanda bolup geçýän ähli özgertmelere işjeň gatnaşmagyny ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýärler.

Elektron habar beriş serişdelerini ösdürmek üçin kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi, zerur bolan düzümiň, amatly şertleriň döredilmegi, žurnalistleriň täze neslini taýýarlamak bilen bagly meseleleriň çözülmegi Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda takyk kesgitlenen maksatlara ýetilmegini çaltlandyrýar.

Häzir tutuş dünýäde habar beriş serişdeleri ýöne gazet, teleýaýlym, radiostansiýa, internet-portal hökmünde çäklenmän, eýsem, birleşen redaksiýalar bolmak bilen, olaryň önümçilik işi birbada birnäçe platformalarda amala aşyrylýar hem-de wideo, audio, fotomateriallar bilen işlenmegini öz içine alýar.

Türkmen jemgyýetiniň industrial ösüş döwründe, ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýan wagtynda multimedia žurnalistikasynyň ösüşine möhüm ähmiýet berilýär. Olaryň sanly tehnologiýalaryň esasynda döwrebaplaşdyrylmagy, hususan-da, daşary ýurtlaryň habar beriş serişdelerinde giňden ýaýran redaksiýalaryň konwergent/multimedia düzümlere öwrülmegi ýurdumyzyň media ulgamy üçin hem derwaýys bolup durýar.

Žurnalistikanyň bu ugrunda ýurdumyzyň habar serişdeleriniň wekilleri täze tehnologik gurallara hem-de tehnologiýalara ussatlarça erk etmek bilen, habarlary toplamak, işlemek we taýýarlamak babatda ygtyýarlyklary utgaşdyrýarlar, bu bolsa, raýatlaryň we häkimiýetiň arasynda ynamly we açyk habarlar köprüsini gurmaga ýardam edýär hem-de döwletiň we jemgyýetiň ösüşine mynasyp goşandyny goşýar.

Oňyn dünýä tejribesini nazara alyp, bu gün ýurdumyzyň habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmak hem-de multimedia žurnalistikasyna geçirmek maksady bilen degişli hereketleriň meýilnamasyny – “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak zerur bolup durýar.

Ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyny, zerur bolan düzümiň döredilmegini, redaksiýalaryň elektron serişdeler, goşmaça audiowizual enjamlar bilen üpjün edilmegini göz öňüne tutýan çäreler “Ýol kartasynyň” esasyny düzmelidir. Şunda berilýän habarlaryň dessinligi we dogrulygy özgertmeleriň baş maksady bolup galýar.

“Ýol kartasynyň” çäreleri anyk wezipeleriň tutuş toplumynyň çözülmegini hem-de ýurdumyzyň ähli habar beriş serişdeleriniň hereketleriniň utgaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Esasy wezipeleriň hatarynda redaksiýalary multimediýa görnüşe geçirmegiň meýilnamalaryny we algoritmlerini işläp düzmek, redaksiýalary täzeden enjamlaşdyrmak, olary kompýuterler, goşmaça audiowizual enjamlar bilen üpjün etmek işleri durýar.

Işgärleriň gaýtadan taýýarlanylmagy hem-de žurnalistleriň täze ygtyýarlyklarynyň işlenip düzülmegi, redaksiýalarda guramaçylyk we düzüm özgertmeleriniň üpjün edilmegi täze sanly önümleri goýbermegiň zerurlygyny nazara almak bilen täze işgärler wezipe sanawynyň hem-de gözükdirmeleriň girizilmegi redaksiýalaryň üstünlikli işlemegine ýardam eder.

Geljekde her bir redaksiýanyň täzelikler we uly makalalar toplumlaryny ýerleşdirmek üçin niýetlenen, degişli sanly binýat bilen üpjün edilen öz saýty bolanda, bu žurnalistlere multimedia materiallaryny, wideo we audio gepleşikleri döretmäge we ýaýratmaga mümkinçilik döredip, olaryň okyjylarynyň, diňleýjileriniň sanyny artdyrar.

Redaksiýalar ösmek üçin işewürler bileleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün edýän täjirçilik düzümlerini döretmek hukugyna eýe bolmalydyr. Mysal üçin, şahsy bildirişler, mahabatlar gazetlere hemişe maddy serişde getirdiler. Bu iş tejribesi elektron görnüşdäki habar beriş serişdeleriniň işinde hem üstünlikli ulanylyp bilner, ol diňe maliýe serişdelerini almaga mümkinçilik döretmek bilen çäklenmän, eýsem, saýtlara girýänleriň sanyny artdyrmaga hem ýardam eder.

Tölegli abuna, hemaýatkärlik bukjalary we beýlekiler redaksiýalary maliýeleşdirmegiň ýene bir goşmaça çeşmesi bolup hyzmat edip biler. Tölegli abuna geçmek işine diňe internetde redaksiýalaryň özboluşly elektron önümleri döredilenden soň, şeýle hem peýdalanýan okyjylaryň uly isleg bildirýän, pul tölemäge taýýar bolan habarlary kesgitlenenden soň başlamak has peýdaly bolar.

Sanly ulgamy peýdalanmakda amatlylygyň ony döretmäge bildirilýän esasy talap bolup durýandygyny bellemek gerek. Bu şertler habar beriş serişdeleriniň ýurdumyzda, şeýle hem halkara giňişliginde täze ýagdaýda üstünlikli işlemegi üçin zerur bolan düzümler bolup durýar.

Häzirki günde – žurnalistleriň öňünde hünär taýdan ösmek we döredijilik taýdan kämilleşmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýan döwründe, jemgyýet dürli temalar boýunça dogry we mazmunly maglumatlarda öz beýanyny tapýan habarlary alýar, bu, öz nobatynda, halkymyzy ata Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine täze zähmet üstünliiklerine ruhlandyrýar.

Ussa Ussaýew,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga makalalar
161c2261e0927e.jpeg
Ikinji stollar

Adamzadyň medeniýetli ýaşaýşynyň, aň taýdan ösüşleriniň görkezijileri bolan ilkinji iş gurallarynyň we esbaplarynyň döreýiş taryhy gyzyklydyr.


161c22f95d71d7.jpeg
INNOWASION TEHNOLOGIÝALARA DAÝANYP

Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde telekeçilige aýratyn orun berilýär.


161c229db32665.jpeg
In uly taslamalar

Adamzat taryhynda örän iri maliýe we material serişdelerini talap eden taslamalaryň durmuşa geçirilendigini biz bilýäris. Ýöne olardan has ululary haýsylary bolduka?


161c23417889a6.jpeg
Dünýäde iň giň awtomobil ýoly

Awtomobil ýollary ýükleri we ýolagçylary gatnatmakda esasy mümkinçilikleriň biri bolmagynda galýar. Dünýäniň özara ösýän ykdysady gatnaşyklary şertlerinde olaryň giňliginiň, köp zolaklylygynyň uly ähmiýeti bar.


161c221e72ca1f.jpeg
Iň arassa şäher

Dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa şäherleri ýüze çykarmak üçin Uswitch.com britan saýty dürli ýagdaýlary nazara alypdyr.