Sanly özgertmeler giň gerime eýe
Öňdebaryjy tehnologiýalar biziň gündelik durmuşymyza berk ornaşmak bilen, zähmeti guramagyň usullaryny, okamagyň, dynç almagyň görnüşlerini özgerdýär. Türkmenistan döwletimiz dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenip we ornaşdyryp, sanly ulgama geçmegiň öz nusgasyny, ýagny diňe bir taýýar çözgütleriň hem-de «nou-haularyň» importyna däl, eýsem, özüniň ylmy-tehnologik, aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat hökmünde kesgitledi.
Mälim bolşy ýaly, ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan ata Watanymyz innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şunda milli ykdysadyýeti we onuň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini artdyrmagyň möhüm şertidir.
Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, hususan-da, elektron senagaty ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Programma üpjünçiligini, elektron hyzmatlary, maglumat portallaryny döretmek ýaly ylym bilen baglanyşykly ulgamlary özleşdirmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenilip taýýarlanylan täze sanly önümleriň iş ýüzünde giňden ulanylýandygy bellärliklidir. Olar ulanyş babatda özleriniň hili we amatlylygy boýunça daşary ýurtlaryň sanly önümlerinden birjik-de pes durmaýar.
Bu günki günde sanly kommunikasiýa ýaýlymlary, emeli aň, robotlaşdyrmak döwrüň esasy serişdelerine öwrülýär. Şol bir wagtyň özünde öňdebaryjy tehnologiýalar, bilşimiz ýaly, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmekde «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» uly orun degişlidir. Onuň durmuşa geçirilmegi maglumat bilim gurşawynyň döredilmegini, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny, halkara ülňüleriň derejesinde ugurdaş usullaryň kämilleşdirilmegini öz içine alýar.
Şu ýerde bir möhüm ýagdaýa üns bermeli. Kitaphanalaryň sanlylaşdyrylmagy bu ugurda esasy orny eýeleýär. Häzir okamagyň mümkinçilikleri düýpli özgerdilýär. Elektron görnüşdäki kitaplar onlaýn tertipde doly elýeterli boldy. Kompýuteriň, planşetiň, ykjam telefonyň kömegi arkaly islendik wagtda kitaphanalaryň saýtyna girip, gerek bolan neşiri wirtual görnüşde almak mümkinçiligi döredi. Bu bolsa okyjylaryň gyzyklanmalaryny artdyrýar we bilim almak, dünýägaraýşyňy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Mahlasy, sanly ykdysadyýet döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny, şol sanda dolandyryş, pudaklaýyn, işewür düzümleri, önümçilik we söwda ulgamlaryny, medeni-durmuş pudaklaryny, raýatlaryň durmuşyny öz içine alýar. Bular öz artykmaçlyklaryny görkezip, bar bolan kuwwaty doly durmuşa geçirmäge goşmaça mümkinçilik berýär, şeýle hem bilimiň, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrýar, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegini, anyk netijelere ýetilmegini şertlendirýär.
Jennet ROZYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň talyby.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.