Ýurdumyzyň sebitleri we pudaklary toplumlaýyn özgerdilýär
Häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň baş ugurlary, esasan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öz aýdyň beýanyny tapdy. Şoňa görä-de, ýokary depginli ykdysady ösüşi gazanmakda, ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümini diwersifikasiýalaşdyrmakda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, bazar-ykdysady özgertmeleri çuňlaşdyrmakda, ýurduň sebitleriniň we pudaklarynyň gyradeň ösüşini gazanmakda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek.
Balkan welaýaty hem giň gerimde ösdürilýän sebitleriň biridir. Onuň çägindäki häzirki zamanyň öňdebaryjy enjamlary we täzeçil tehnologiýalary bilen üpjün edilen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu toplum ýurdumyzyň üstaşyr ulag kuwwatyny pugtalandyrmakda, multimodal ulag geçelgelerini ösdürmekde we halkara söwdanyň möçberlerini artdyrmakda diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin möhüm orny eýeleýär. Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen bu iri ulag-logistik merkeziň çägine ýylda 1500 — 1600 gämi girýär. Bu görkeziji yzygiderli artýar.
Türkmenistany geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulyşy ýaly, ýurdumyz ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna maýa serişdelerini goýar. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda esasy maýa goýum awtomobil, howa, demir ýol, derýa we deňiz gatnawlaryny ösdürmäge, awtomobil ýollaryny gurmaga, telekommunikasiýa, aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň geosyýasy ýerleşişinden we üstaşyr ulag amatlyklaryndan has netijeli peýdalanyp, ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmaga, täze üstaşyr geçelgeleri döretmäge gönükdirilendir.
Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoluny, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menzilini gurmak, üstaşyr we multimodal ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak ýurdumyzyň ulag ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Dünýä döwletleri öz ýüklerini we ýolagçylaryny gysga wagtda amatly geçirmek babatda Türkmenistanyň mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýär. Türkmenistan Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmegiň howpsuzlygyny kepillendirýär.
Parahat ýagdaý, halkyň agzybirligi, berk berjaý edilýän ekologik talaplar dünýä döwletlerinde we iri kompaniýalarda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly isleg döredýär. Ýurdumyzyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty bu ugurda işleriň has-da ilerlemegine itergi berýär. Türkmenistan sebitara ykdysady hyzmatdaşlyga itergi berýän esasy güýji ulag ulgamyny we üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini giňden durmuşa geçirmekde görýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 14-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna guralan toý saparynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde welaýaty ýakyn ýyllarda ösdürmegiň esasy ugurlary, nebitgaz, himiýa, energetika, ulag-logistika pudaklaryny, dag-magdan we ýeňil senagaty döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Senagat toplumynyň ähli düzümlerine iri maýa goýum serişdelerini çekmegiň hasabyna, sebitiň ykdysadyýetine dünýä tejribesiniň we ylmyň gazananlaryny, sanly ulgamy, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleriniň wajypdygy nygtaldy. Balkan welaýatynyň tebigy serişdeleriniň baý mümkinçiliklerini, hususan-da, Garabogazköl aýlagynyň gidromineral serişdelerini nazara alanyňda, bu ýerde himiýa senagatyny ösdürmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan himiýa önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini toplumlaýyn özleşdirmegiň uly geljegi bar. Gyýanlydaky polimer zawodynda dürli önümçilik üçin zerur bolan himiki serişdeleriň öndürilişini ýola goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Aýterek ANNAMYRADOWA,
TNGIZT-niň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň maşinisti.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.