Makalalar

Eşretli ertirleri nazarlap

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4083/original-162f22bcccc86f.jpeg

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bahasyz baýlygy bolan tebigy gazy okgunly ösüşleriň, eşretli ýaşaýşyň hyzmatynda goýup, bu babatda il-ýurt bähbitli syýasaty ýöredýär. Şeýle möhüm işe «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň agzybir işgärleri netijeli gatnaşýarlar. Olar agzybirlik bilen zähmet çekip, sarp edijileriň tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gazanýarlar.

— Alyp barýan işlerimiziň gerimi giň, möçberi uly. Häzirki wagtda welaýat boýunça hyzmat edýän hojalyklarymyzyň sany 210,5 müňden aşdy. Bulardan başga-da, senagat hem-de durmuş hyzmaty kärhanalary hem bar. Şeýle jogapkärli işe hünärmenlerimiz ýokary düşünjelilik we ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şonuň netijesinde tebigy gazy geçiriji, paýlaýjy ulgamyň sazlaşykly we netijeli işlemegi üpjün edilýär — diýip, müdirligiň önümçilik-tehniki bölüminiň başlygy Alişer Bazarow gürrüň berýär.

Müdirlik boýunça «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen alty aýynda içerki sarp edijilere tebigy gazyň 1 milliard 500 million 350 müň kubmetri ýerleşdirildi. Şunça möçberdäki ýangyjy akdyrmak üçin welaýat boýunça gaz geçirijileriň 8 müň 284,3 metrden gowragy, şeýle-de gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň 3,6 müňden gowragy hereket edýär.

Häzirki döwürde welaýatda önümçilik desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly ymaratlaryň gurluşygynyň gerimli alnyp barylýandygy bu görkezijileriň geljekde has-da artjakdygyndan habar berýär. Şol sebäpli alnyp barylýan işlerde geljegiň wezipeleri nazarlanylýar. Degişli işleriň yzygiderli häsiýetde ýaýbaňlandyrylýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şu ýylyň geçen döwründe, Oba milli maksatnamasynyň çäginde, täze gaz geçirijileriň 31,6 kilometre golaýy guruldy. Şu maksat üçin 17,7 million manatdan gowrak maýa goýum özleşdirilip, degişli meýilnama 179 göterim berjaý edildi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bolsa 122 göterim ösüş depgini gazanyldy. Mundan başga-da, ýylyň başyndan bäri gaz sazlaýjy enjamlaryň 5-si we regulýatorlaryň hem 6-sy oturdyldy.

Sarp edijileri tebigy gaz bilen üpjün etmek ýylyň ähli paslynda zerur. Şol sebäpli müdirligiň başarjaň işgärleri möhüm ulgama hyzmat etmek işlerini talabalaýyk ýerine ýetirýärler. Şonda ulgamy abatlamak meseleleri hem ünsden düşürilmeýär. Şu ýylyň geçen aýlarynda müdirlik boýunça gaz geçirijilerde 286,5 müň manatlyga golaý düýpli abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi, şeýle-de katod gorag stansiýalarynyň 22-si düýpli abatlandy.

Ilatly ýerleriň tebigy gaz bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen gaz geçirijileriň 2,6 müň kilometre golaýynda durkuny täzeleýiş işleri ýerine ýetirildi. Şeýle gerimli çäreler jogapkärli döwür bolan gyş paslynda gaz geçiriji ulgamyň sazlaşykly we ygtybarly hereket etmegine uly ýardam berer.

Gaz hojalyk edaralarynyň hünärmenleri şol enjamlaryň takyk işlemegine we sarp edilen ýangyç üçin tölegleriň öz wagtynda geçirilmegine gözegçilik edýärler.

— Tebigy gaz bagtyýar ildeşlerimiziň durmuşyny eşrete besleýär. Ondan peýdalanýanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygy guwandyrýar. Şonda bu ýangyçdan howpsuz peýdalanmak meselesi hem gün tertibinde saklanylýar. Raýatlaryň degişli howpsuzlyk düzgünlerini dogry berjaý etmeklerini gazanmak maksady bilen ilatyň arasynda düşündiriş işlerini giňden alyp barýarys. Şeýle tagallalar ilatyň ýaşaýşynyň täze hil derejesini gazanmaga ýardam berýär — diýip, müdirligiň tehniki howpsuzlyk, zähmet goragy we ýol hereketiniň howpsuzlygy bölüminiň başlygy Gedaýdurdy Şirinow nygtaýar.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.

16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.