Kim näçe iýmit iýýär?

Tebigatda näçe janly jandar bar bolsa, olar iýmegiň hasabyna ömür sürýärler. Eýsem olaryň arasynda iň köp iýmit iýýänleri haýsylarka?
Et bilen iýmitlenýänlerden krokodiller islendik jandary iýip bilýärler. Diňe piller, begemotlar ýaly göwresi has uly jandarlar bu ýyrtyjynyň awy bolmakdan halasdyrlar. Uzyn äňleri krokodillere hereket edýän uly bolmadyk janly jandarlary tutmaga we iýmäge mümkinçilik berýär. Krokodil bir gezekde öz agramynyň 25 göterimine barabar agramlykdaky iýmiti iýip bilýär. Şeýle uly mukdarda iýýän iýmitleri krokodillere ýag gatlaklary bolup siňýär. Şonuň hasabyna olar hatda birýarym ýyla çenli iýmitsiz hem oňup bilýärler.
Ösümlikler bilen iýmitlenýän haýwanlaryň arasynda iň köp iýmit iýýänleriň biri pillerdir. Olar az kaloriýaly iýmitler bolan ýapraklary, şahajyklary we gabyklary iýýärler. Ýöne olaryň iýýän iýmitleriniň ýarsyna golaýy diýen ýaly möçberi bedende özleşmeýär. Şol sebäpli uly ýaşly piller her günde 15-16 sagadyň dowamynda 150 — 300 kilogram iýmit iýmeli bolýarlar.
Iki örküçli düýe hem iýmitsiz uzak wagtlap oňup bilýändigine garamazdan, iýmekde örän nebsewür haýwanlaryň biridir. Iýmitiň bol ýerinde düýeleriň bu görnüşi bütin günüň dowamynda iýip gezýär. Ol özüniň 700 kilogram agramy bilen gije-gündiziň dowamynda 40 kilograma golaý ösümligi iýýär. Iýen iýmiti oňa «gara günde» öz başyny çaramagy üçin ätiýaçlyk ýag we suw bolup hyzmat edýär.
Jemşit ŞYHYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.

Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny
Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar.

Türkmenistan amala aşyrýan iri taslamalarynda ekologiýa syýasatyny ileri tutýar
Soňky ýyllarda tükeniksiz çeşmelerden alynýan «ýaşyl» energiýa (gaýtadan dikeldilýän energiýa) bolan gyzyklanma bütin dünýäde, şol sanda biziň Garaşsyz ýurdumyzda barha ýokarlanýar.

Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar
Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.

Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)
Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem: