ARY BALYNYŇ GELIP ÇYKYŞY
Taryhy maglumatlara görä, biziň eýýamymyzdan öňki VIII asyrda balarylar grekler tarapyndan eldekileşdirilipdir. Balarylaryň diňe bir balyny almak bilen çäklenmän, eýsem ary mumyny we ýelimini dermanlyk hökmünde hem ulanypdyrlar. Biziň eýýamymyzdan öňki 600-nji ýyllarda Rodosse şäherinde bir tarapynda balarysy, beýleki tarapynda küýze şekillendirilen pul ýüze çykypdyr. Alymlaryň çaklamasyna görä, küýze bal salynýan gaby aňladýar.
Balaryçylygy senagat taýdan osdürmekligiň düýbüni tutujy Awram Ýewlampiýewiç Titow (1873-1942) hasaplanylýar. XIX asyrda balary maşgalasynyň biologiýasyny düýpli öwrenmekde ony saklamak,köpeltmek bilen bagly üýtgeşiklik bolup geçýär. Bal almak we saklamak üçin ulanylýan balary gutusy kämilleşdirilýär. Baly aljak bolanlarynda arylary tüsse berip kowupdyrlar. Soňra güýç bilen gysyp, balyny alypdyrlar hem-de çykan baly elekden süzüpdirler. Ary baly iýmitlik, dermanlyk, berhizlik üçin ulanylýar.
Biziň ýurdumyzda balaryçylyk bilen meşgullanyp başlanylanyna 100 ýyldan gowrak wagt geçdi.Balary maşgalasy ilkinji gezek Garrygala obasyna getirilendigi barada maglumatlar bar. 1981-njiýylda TSSR Ministrler Soweti balaryçylyk uprawleniýesini döretmegi ykrar edýär.
Adamlar balarynyň berip biljek peýdasy barada täze-täze açyşlar edýärler. Balarynyň peýdaly önümlerinde: balynda, mumunda, ary ýeliminde, gül tozgajygynda, ary süýdünde, zaherinde kesel beriji häsiýetleriň bardygy ýüze çykaryldy. Balarylary oba hojalyk ekinlerini tozanlandyrmakda, olaryň hasyllygyny ýokarlandyrmakda we gowulandyrmakda hem möhüm orun eýeleýär.
Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda hem azyk bolçulygyny upjün etmek üçin, her bir adama öndurijilikli zähmet chekmäge, halal zähmediň rehnedini görmäge ahli şertler döredilýär.
Аýjemal ORAZOWA,
ТOHI-niň talyby.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.