Makalalar

Iň ýogyn sütünli agaç

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4809/original-163a17b76c3b69.jpeg

Iň ýogyn sütünli agaç taksodium Meksika görnüşleriniň Arbol del Tule agajydyr. Agaç

Meksikanyň Santa-Mariýa-del-Tule şäheriniň ortasynda ösýär. Bu agajyň sütüniniň

diametri 11,62 metre, sütüniniň aýlawy 36,2 metre ýetýär. Sapotekleriň (Meksikadaky hind

halky) rowaýatlaryna görä, agaç 1400 ýyl ozal asteks şemalynyň ruhanysy tarapyndan

ekilipdir. Alymlar agajyň ýaşynyň hind rowaýatyndaky aýdylyşy ýalydygyny tassyklaýarlar.

Şeýle-de bolsa, Arbol del Tuleden has ýogyn agaç bardy. Sisiliýadaky "Ýüzlerçe atyň

kaştany" agajynyň aýlawy 1780-nji ýylda ölçenende 57,9 metrdi. Şol bir wagtyň özünde, bu

agaç bir sütünli däl-de, ähli şahalary bir kökden gelýän birnäçe sütünlidi. Rowaýata görä,

Aragonly Jowanna I-ni ýüz rysar bilen bilelikde ýyldyrym çakdy. Soňra ähli syýahatçylar

“Ýüzlerçe atyň kaştany” ady bilen tanalýan bu agajyň aşagynda gizlenipdirler. Bu agajyň

ýaşy 2 müňden 4 müň ýyla çenli aralykdadyr. Häzirki wagtda agaç 3 şaha bölünýär, iň

ulusynyň aýlawy 22 metre barabardyr.

Merjen KAIPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy.

Başga makalalar
16acd1beb287a4.jpeg
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär

21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.


16ab744755266a.jpeg
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi

23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.


16a7caed96ef8f.jpeg
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.

16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.