Deňzi arassalaýjy pingwinler
Pingwinler uçmaga ukypsyz bolan guşlaryň iň tanymalydyr. Adatça olar Antarktidada – buzlaryň we garlaryň arasynda ýaşaýarlar. Olar süýnmek şekilliligi we derasty ýag gatlagynyň barlygy sebäpli polýar deňizleriň buzly suwunda özlerini oňat duýýarlar. Pingwinleriň ýene-de bir aýratynlygy gözüsti mäziniň bolmagydyr. Olar käbir guşlaryň sazlaýyş ulgamynyň bir bölegi bolup, bedendäki artykmaç duzlary ýok edýär. Şonuň üçin hem olar arassa suwa mätäçlik çekmeýärler. Ýagny, duzly suwy içip, şol mäzleriň üsti bilen köp mukdarda duzlary bölüp çykarýarlar. Pingwinler Günorta ýer böleginiň kenarynda giňden ýaýrandyrlar. Olar galyňlygy 3 sm bolan ýag gatlagy we 3 gatly suw geçirmeýän perleriniň astynda öz içki ýylylygyny netijeli saklaýarlar. Başga bir aýratynlygy bolsa, olaryň duzly suwy arassalap, olaryň mukdaryny azaldyp bilýänligidir. Olar öz bedenindäki ätiýaçlyk suwuny deňziň duzly suwundan doldurýarlar. Pingwinleriň organizminiň duza talap edijiligi beýlekilerden kän tapawutlanmaýar. Artykmaç duzlardan saplanmak üçin olaryň gözüsti mäzleri hyzmat edýär. Bu mäzleriň organizmden NaCl birleşmesini bölüp çykarmaga ukyplylygy böwrekden hem ýokarydyr. Netijede pingwinler arssalanmadyk suwlarda hem arkaýyn ýaşap bilýärler.
Merjen KAIPOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.