Makalalar

Dünýä edebiýatynyň wekili Alyşir Nowaýy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4880/original-163afdafb0aa21.jpeg

Dünýä edebiýatyna girmek üçin, onuň bir sahypasynda galmak, bir jümlesinde ýer almak hem- de dünýä derejesinde öz eliňdäki senediň wekili hökmünde tanalmak elbetde ol her kese ýetirenok. Çünki onuň üçin zehin bilen birlikde sabyr hem- de ýörelge, işeňňirlik hem- de çykadmlylyk, dünýäniň köp zatlaryndan geçip, diňe içki dünýäňe gaplanyp sungat döretmek- ine, şertleri şeýledir. Dünýä edebiýatynyň wekili Alyşir Nowaýynyň döredijiliginde şeýle hormatyň barlygy bolsa, bu günki gün edebiýetda öz beýanyny tapýar.

Dünýä edebiýatynda her şahyryň tutýan orny barada gürrüň edilende, onda Firdöwsi umumadamzat taryhyny eýran halkynyň taryhy bilen utgaşdyryp beýan eden beýik şahyr, Nyzamy bolsa, Gündogaryň dünýewi edebiýatynyň şamçyrag göterijisi, ýol görkezijisi hökmünde göz öňünde janlanýar. Şu jähtden seredeniňde, Nowaýynyň eserleri, onuň döredijiligi türki halklar üçin beýik nusga bolup durýar.

Nowaýy diňe bir edebiýat bilen gyzyklanman, eýsem ol lukmançylyk ylmy, astronomiýa, döredijilik bilen hem , ot- çöpler bilen hem gyzyklanan şahyrdyr. Onuň döredijiliginde iň uly ýer alan eser bolsa “Şirin- Prehat” dessan- poemasydyr. Döredijiligi bilen bu günki gün diňe bir Orta Aziýada däl- de eýsem, dünýä edebiýatynda ýer alan şahsyýet hökmünde tanalýar. Alyşiriň çagalygy dürli köşk agdarylyşyklarynyň bolup geçýän, tagt, häkimiýet üçin göreş alnyp barylýan döwre gabat gelýär.

1447-nji ýylda Horasanyň patyşasy Teýmirleňiň ogly Şahruh ölensoň, tagt üstünde uruşlar, dawa başlanýar. Alyşiriň kakasy Kyýasetdin hem maşgalasyny alyp, Eýranyň Yrak diýen welaýatynyň Taft diýen şäherine göçýär.1452-nji ýylda Abulkasym Babur Hyrady alyp, şa bolandan soň Nowaýynyň kakasy Kyýasetdin öz maşgalasy bilen Hyrada gaýdyp gelýär.Alyşir Hyratda okuwyny dowam etdirýär. Şahyryň heýkeli häzikri döwürde Paýtagtymyz Aşgabadyň “Ylham” seýilgähinde oturdylyp, ol iň bir gelim- gidimli ýerleriň biridir. Munuň özi şahyryň dünýä edebiýatynda adynyň ebedileşmeginde ýene bir mysalydyr.

Aýmaral ÇAÝYROWA,  

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Başga makalalar
16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.

16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.