Makalalar

Hem gymmatly, hem islegli baýlyk

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4937/original-163c39d155be2c.jpeg

Türkmenistan ýoduň gorlary boýunça dünýäde öňdäki döwletleriň hatarynda tanalýar, Garaşsyz döwletimiziň sebitde ilkinji, tutuş dünýäde bolsa, dördünji bolup, öz halkyny ýodlaşdyrylan nahar duzy bilen üpjün eden ýurtdugyny hem aýtmak gerek. Mukaddeslige deňelýän bu önümi talabalaýyk ýodlaşdyrmakda zerur bolan çig mal hem öz Diýarymyzdan alynýar. Önümçilige daşky gurşawy hapalamak derejesi pes bolan, şonuň ýaly-da serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, himiýa pudagyny ösdürmegiň ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga, oba hojalygyny durnukly ösdürmäge, şeýle hem daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen ugurlaryny kemala getirmek «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň esasy wezipeleridir. Häzirki wagtda welaýatda ýod önümçiligi boýunça üç sany kärhana bolup, olar — «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» we «Bereket» ýod zawodlary hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Himiýa senagat» hojalyk jemgyýetiniň ýod zawodydyr. Olaryň önümhanalarynda häzirki zaman tehnologiýalary esasynda taýýarlanylýan tehniki ýoduň agramly bölegi dünýä bazarlaryna eksport edilýär.

Mendeleýewiň periodik sistemasynyň VII toparyndaky himiki element, galogenleriň biri bolan ýody 1811-nji ýylda fransuz himigi Bernar Kurtua açypdyr. Ol deňiz suw otlarynyň külüniň esasy şor erginini konsentirlenen kükürt kislotasy bilen gyzdyranda, gara reňkli, ýylpyldaýan plastinkajyklar şekilli kristallar görnüşinde kondensirlenýän melewşe («ýod» ady hem «melewşe sözünden gelip çykýar) buguň bölünip çykýandygyny görýär. Biosferada, aýratyn-da, deňizde ýaşaýan organizmleriň (suw otlarynyň, gubkalaryň we ş.m.) ýody toplaýandygy hem mälimdir. Juda seýrekdigine garamazdan, ýod tebigatda giňden ýaýran himiki elementdir. Onuň ätiýaçlyk gorlarynyň agramly böleginiň Çili we Ýaponiýa döwletleriniň kenarýaka suwlaryna degişlidigi nygtalýar. Bar bolan maglumatlara salgylansaň, Çilide tehniki ýoduň her ýylda öndürilýän möçberi 720 tonnadan hem köpdür. Şu ýerde bir pursata aýratyn ünsi çekesimiz gelýär. Ol hem geçen ýyl tutuş ýurdumyz boýunça öndürilen tehniki ýoduň ähli möçberleriniň 746 tonna golaý bolanlygydyr. Şonça önümiň 170 tonna golaýy «Balkanabat» ýod zawodyna, 239 tonnadan gowragy «Himiýa senagat» hojalyk jemgyýetine, 338 tonna golaýy bolsa «Bereket» ýod zawodyna degişlidir. Zemin kartasyna nazar aýlanyňda, taýýar tehniki ýody dünýä bazarlaryna çykarmakda Türkmenistanyň geografik taýdan has amatly künjekde ýerleşýändigine göz ýetirmek kyn däldir. Şu ýylyň geçen hasabat döwründe welaýat boýunça bu gymmatly önümiň 639 tonnadan hem gowragy taýýarlanylyp, önümçiligiň ösüş depgininiň 103 göterime golaý ýokarlandyrylmagy bolsa, bu ugurda bitirilýän işleriň döwrebap dowamat tapýandygyna güwä geçýär.

Aslynda, bizi gurşap alan tebigatdaky ýoduň birleşmeleriniň bir bölegi ýerasty suwlaryna geçýär. Ony almak üçin peýdalanylýan ýod-bromly suwlara bolsa Günbatar Türkmenistan örän baýdyr. Balkan eteginiň ýerasty suwlarynda 25 — 45 mg/1, Günbatar Nebitdagyň we Gumdagyň ýerasty suwlarynda 40 — 50 mg/1, Çelekeniň, Monjuklynyň, Gyzylgumuň, Boýadagyň ýerasty suwlarynda bolsa 25 — 33 mg/1 ýod bardygy anyklanandyr. Olar tehniki ýody senagat möçberinde almaga mümkinçilik berýär. Ýod-bromly suwlar nebit känleri üçin aýratyn-da häsiýetlidir. Şeýle suwlaryň bir litrinde 100 mg-den gowrak ýod bolýar.

Ýoduň janly bedeniň derisine daglaýjy we ýokançsyzlandyryjy täsiri bar. Ýod janly organizmlerde zerur bolan mikroelementleriň biridir. Bu elementiň organizmde azlygy adamda endemik zob keseliniň döremegine sebäp bolýar.

Adamyň we haýwanlaryň organizmleriniň gije-gündiziň dowamynda ýoda bolan talaby olaryň agramlarynyň 1 kilogramyna 3 mkg çemesidir. Organizme ýod goýberilmegi, esasan, madda çalyşma prosesini ýokarlandyryp, oksidlendiriji prosesleri güýçlendirýär, myşsalaryň güýjüni artdyrýar, jynsy funksiýany stimulirleýär. Iýmitde we suwda ýod ýetmezçilik edende, 1 tonna duza 10 — 25 g ýodly kaliý goşulyp ulanylýar. Düzüminde ýod bolan dökünleri ulanmak oba hojalyk ekinlerinde hasyllylygyň mukdaryny artdyrýar.

Mukaddes topragymyzdan öndürilýän gymmatly çig mallary gaýtadan işläp, harytlyk görnüşme getirmek maksady bilen mundan birnäçe ýyl öň häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp gurlan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasy bu gün tutuş sebitde giňden tanalýar. Türkmen himiýaçylarynyň öndürýän tehniki ýoduny esasy çig mal hökmünde peýdalanýan bu kärhananyň ýyllyk kuwwatlylygy ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 million sanysyny hem-de diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmeklige niýetlenilendir. Kärhana bu gün öz öňünde goýlan wezipelere abraý bilen hötde gelýär. Ýeri gelende aýtsak, «Bereket» ýod önümçiligi kärhanasynda dünýä hil ülňülerine laýyklykda taýýarlanylýan ekologiýa babatda arassa serişdeler stasionar bejeriş edaralarynda hem-de gaýragoýulmasyz lukmançylykda, şonuň ýaly-da, ýola çykylyp işlenilende juda amatlylygy hem-de netijeliligi bilen tapawutlanýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Himiýa senagat» hojalyk jemgyýetiniň buýurmasy esasynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň merkezinden 130 kilometre barabar daşlykdaky «Çalja» meýdançasynda gurlup işe girizilen ýod zawodynda taýýarlanylýan tehniki ýoduň ähli möçberleri bu gün ýörite himiki serişde bilen arassalanylyp, dünýä hil ülňülerine laýyk derejä getirilýär. Ekologiýa babatda juda arassalygy bilen tapawutlanýan türkmen tehniki ýody senagat pudaklarynda reňkli metal, sintetik kauçuk, dürli reňkler, laklar, kombinirlenen iýmler, däri-dermanlar, çakdanaşa arassa metallar taýýarlamakda juda zerur bolup durýar.

Türkmen ýodunyň önümçiliginiň ýola goýluşy Balkanabadyň ýod zawodyndan başlanýar. Welaýat merkezinden 27 kilometr uzaklykda, Uzboý şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän bu zawod 1969-njy ýylda önüm berip başlaýar. 1975-nji ýylyň sentýabrynda bu ýerde öndürilýän tehniki ýod SSSR Döwlet standartynyň hil belgisine mynasyp bolýar. Aslynda, öz döwründe SSSR-de öndürilýän ýoduň tas deň ýaryna barabary biziň Watanymyz Türkmenistanyň paýyna düşüpdir. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde täze enjamlar bilen döwrebaplaşdyrylan bu kärhanada ýoduň «A» we «B» kysymlarynyň hili has gowulandyrylyp, soňy bilen bu önümiň «Ç» görnüşi uly möçberlerde öndürilip başlanýar. Ýoduň has gymmatlylygy bilen tapawutlanýan bu görnüşi lukmançylyk ýoduny taýýarlamakda zerurdyr. Kärhanada 1994-nji ýylyň awgust aýyndan başlap arassa tehniki ýody almak ygtybarly ýola goýulýar. Kärhana ýokary hilli önümi üçin 1998-nji ýylda «Platin ýyldyzy» atly Halkara baýragy berilýär. 2000-nji ýylda bolsa bu kärhana Madridde Hil üçin diýen Halkara baýragy gowşuryldy. Balkanabat ýod zawodynda häzirki wagtda öndürilýän «A» kysymly tehniki ýoduň 99 göterimi, «Ç» kysymly ýoduň bolsa 98,5 göterimi arassa önüm hasaplanylýar. 1998-nji ýylda gurlan Boýadag ýod zawody 2002-nji ýylda Balkanabat ýod zawodyna birleşdirilýär.

Hazar himiýa zawody ýod we brom işläp çykarýan kärhanalaryň ýene biri bolup, ol 1932-nji ýylda Çeleken ýarym adasynda burawlanan guýularyň ýanynda gurulýar. Ozal nebit bilen ugurdaş çykarylýan gymmatly senagat çig maly bolan ýoduň we bromuň millionlarça kub metri deňze akdyrylýan eken. Nebit bilen birlikde çykarylýan suwlaryň 1 litrinde bromuň 100 —500 mg-a, ýoduň 25 —30 mg-a çenlisi bardyr. Öz döwründe Hazaryň himiýa zawody ýokary hilli önümleri üçin Meksikanyň bazar gatnaşyklary boýunça «Göwher ýyldyzy» baýragy bilen sylaglanan kärhanadyr. Ol 2020-nji ýylda Balkanabadyň Ýod zawodyna birleşdirilýär. Öz işine ussat hünärmenleriň 730-a barabarynyň tutanýerli zähmet çekýän kärhanasy häzirki wagtda Uzboý şäherçesiniň töwereklerinde 52, Hazar şäherçesiniň töwereklerinde bolsa 260 sany hereket edýän ýod-bromly guýulary bu gymmatly çig maly almak üçin peýdalanýar.

Şöhratly taryhy bolan türkmen ýodunyň juda uzaklary nazarlaýan ygtybarly geljegi hem has nuranadyr. Ýakyn ýyllarda Balkan welaýatynyň çäklerinde ýod we brom hem-de olardan alynýan önümleri öndürýän kärhanalaryň kuwwatlylygyny artdyrmak meýilleşdirilýär. Balkan welaýatyny 2019 — 2025 nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ençeme pudaklarynda giňden ulanylýan tehniki ýoduň ýurdumyzda öndürilýän möçberleri 1 müň 30 tonna deň bolar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» ýod zawodynda kaustik sodanyň, hloruň we hlor önümleriniň önümçiligini ýola goýmak hem göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalara «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen bilelikde «Balkanhimiýasenagat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek teklip edilýär. Balkanabat ýod zawodynyň önümhanalarynyň durkuny täzelemek, täze kiçi zawodlary gurmak işleri hem ygtybarly alnyp barylýar. Bu ýerde ýakyn geljekde her biriniň ýyllyk kuwwaty 60 tonna tehniki ýody öndürmäge niýetlenilen iki sany täze kiçi zawody gurmak göz öňünde tutulýar. Olaryň işe girizilmegi bilen senagatyň dürli ugurlarynda we lukmançylykda uly isleg bildirilýän türkmen ýodunyň öndürilişi, olaryň daşarky bazarlara eksporty has-da artar. Türkmen himiýaçylary şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarlar.

Hojaberdi BAÝRAMOW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.

16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.