Makalalar

Ýelpewaç şekilli agaç

https://www.ussatnews.com/storage/posts/5208/original-1641b46fabe749.jpeg

Madagaskaryň kenarýakalaryny umman şemallaryndan goraýan Rawenala agaçlary syýahata we dynç almaga gelýän syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän tebigy gözellikleriň biridir. Ol palma agajyna çalym edýär. Irki döwürlerde bu agajy ilki bananlar maşgalasyna, soňra palmalar maşgalasyna degişli edipdirler. Aslynda, Rawenalar Strelitziýa maşgalasyna degişli bolup, olar ýer ýüzünde iň owadan agaç hasaplanýar. Madagaskar kenarlarynda bu maşgala degişli ýene 4 görnüş ösýär. Rawenala agajynyň dürli reňkli baldaklary bolup, olaryň reňkiniň açyk ýa-da goňur reňkde bolmagy baldagyň ýaşaýyş dowamlylygy bilen kesgitlenýär. Agajyň umumy uzynlygy 15 metre barabar bolup, agaç we gyrymsy agaç görnüşinde duş gelýär. Ýagyş ýagýan wagtynda rawenala agaçlarynyň ýapraklaryndan ýagyş damjalary syrylyp her bir agaçdan 25 litre golaý suw toplanyp bilýär. Madagaskarlylar bu ýagyş suwlaryny dürli maksatlar üçin peýdalanýarlar.

Arazbagt PALTAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.


169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.