Siziň üçin duşuşyk Aýjeren REJEBOWA

Teleýaýlymda tomaşaça hödürlenýän her bir gepleşigiň täsirli bolmagy ilki bilen alypbaryjynyň ukyp-başarnygyna baglydyr. Munuň, hakykatdanam, şeýledigini Aýjeren Rejebowanyň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymy arkaly halkymyza ýetirilýän «Myhmançylykda» atly gepleşigi subut edýär. Aýjereniň ekranda özüni erkin alyp barşy, söhbetdeşine mylaýymdan ýakymly sesi bilen berýän ýerlikli sowallary bu gepleşigiň «Bu gezek Aýjeren haýsy halypanyň maşgala ojagyndan söhbetdeşlik taýýarladyka?» diýip sabyrsyz garaşýan dürli ýaşdaky muşdaklarynyň sanyny barha artdyrýar.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynyň «Şowhun» döredijilik toparynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Aýjeren Rejebowa bu gepleşigi üçin 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
Golaýda biz Aýjeren REJEBOWA bilen duşuşyp, okyjylarymyz üçin ýörite söhbetdeşlik taýýarladyk.
— Aýjeren, telegepleşigiň alypbaryjysynyň hünärine höwes nähili döredi?
— Çagalygymdan enem her gün diýen ýaly maňa ertekili kitaplary sesli okatdyryp, teleýaýlymlardaky gepleşikleri görkezip mende bu hünäre höwes döretdi. Paýtagtymyzdaky 25-nji orta mekdepde okaýarkam başlangyç synp mugallymym Maýa Ýazjanowa: «Ulalaňda kim boljak?» diýip sorardy. Şonda «Teleýaýlymda gepleşik alyp barjak» diýýänim ýadymda. Şol höwesim üçin enem meni paýtagtymyzyň häzirki Berkararlyk etrabynyň «Nowçalar» öýündäki folklor gurnagyna gatnadyp başlady. Özüm ýaly çagalar bilen keteni köýneklije, gopuz çalyp çykyş edýärdik. Käte teleýaýlymda çykyş etmäge-de äkidýärdiler.
2006-njy ýylda «Miras» teleýaýlymynda administrator bolup işe başladym, bu kärde üç ýyl işlämsoň, şol ýerde işimi dürli wezipelerde dowam etdim. Soň işim «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymyna geçirildi. 2012-2017-nji ýyllar aralygynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak» hünäri boýunça okadym. Okuwymyň gapdaly bilen 2013-nji ýyldan bäri «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynda işläp gelýärin. Şol döwürde teležurnalist Bägül Nurmyradowanyň ýurdumyzyň dürli künjeklerine gidip taýýarlaýan gepleşiklerine uly höwes bilen tomaşa edýärdim. Şonuňky ýaly ekranda özüňi erkin alyp baryp, gyzykly gepleşikleri taýýarlamagy arzuw edýärdim.
— Teletomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan «Myhmançylykda» atly gepleşigi taýýarlaýşyňyz barada gürrüň beräýseň?
— «Myhmançylykda» diýen at bilen döredip, taýýarlaýan hem alyp barýan gepleşigimi köplenç halypa sungat ussatlarynyň, sungat äleminde adygyp barýan ýaşlaryň maşgala ojagyndan taýýarlaýarys. Ilki kim bilen söhbetdeşlik taýýarlajakdygym hakynda pikirlenýärin. Soňra onuň döredijiligini öwrenýärin, maşgala ojagyna baryp tanşyp, gürrüňdeş bolýaryn. Gepleşigiň şowly çykmagynda operatoryň uly hyzmaty bar. Şonuň üçin alypbaryjynyň tomaşaça ýetirmek isleýän pursatlaryna düşünýän, hünärine ussat operatorlar bilen işleşýärin.
— Ýokary okuw mekdebinde bilim beren halypalaryňyz hakynda nämeleri aýdyp berjek?
— Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Gepleşikleri guramak sapagy» hem-de «Alypbaryjynyň ussatlygy» diýen esasy dersler boýunça çeper ýolbaşçymyz Sähragül Janmämmedowadan, «Sahna dili» hem-de «Sahna hereketi» derslerinden mugallymym Bilbil Baýramowadan kän zatlary öwrendim. Halypalarymdan öwrenen sapaklarym durmuşymda uly mekdep boldy.
— Eger-de şu kärde işläp bilmedik bolanyňda, başga haýsy ugurdan işlärdiňiz?
— Bezegçi bolardym ýa-da gözellik salonlarynda zenanlaryň toý bezeglerini taýýarlardym.
— Aýjeren, maşgalaňyzda başga-da döredijilik bilen meşgullanýan barmy?
— Ýok. Biz maşgalamyzda iki oglan, iki gyz dogan. Uly agam hukukçy, özümden kiçi gyz jigim kazyýetde işleýär. Körpe oglan jigim telekeçi. Ejem ýokary bilimli ykdysatçy, ýöne ählimiz işlämizsoň, häzir öý hojalykçy. Kakam awtoulaglara hyzmat ediş ugrundan işleýär.
— Öňde goýan maksatlaryňyzy okyjylarymyz bilen paýlaşaýsaňyz?!
— Daşary ýurt dillerini öwrenmek hem-de işimi has-da kämilleşdirmek isleýärin.
— Aýjeren, beren gyzykly gürrüňleriň üçin sag bol. Saňa durmuşda hem-de işiňde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
— Sizem sag boluň. Biz — medeniýet we sungat işgärlerine zähmet çekmäge, döretmäge ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!
Söhbetdeş bolan Akgül SAPAROWA,
USSAT NEWS.

Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.

Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny
Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar.

Türkmenistan amala aşyrýan iri taslamalarynda ekologiýa syýasatyny ileri tutýar
Soňky ýyllarda tükeniksiz çeşmelerden alynýan «ýaşyl» energiýa (gaýtadan dikeldilýän energiýa) bolan gyzyklanma bütin dünýäde, şol sanda biziň Garaşsyz ýurdumyzda barha ýokarlanýar.

Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar
Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.

Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)
Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem: