EZIZOWDAN PYRAGA ÇENLI

11:44 25.01.2021

https://www.ussatnews.com/storage/posts/605/original-1600e68c3c2701.jpeg

...Bu setirleriň ýazylmagyna irden işe gitmek üçin münen ýolagçy awtobusymdaky waka sebäp boldy. Ir säheriň ümri gojaman Köpetdagy etekläp oturan ak şähere gonak bolupdy: köçelerdir binalar, daragtlardyr ýan ýodalar... ýukajyk çal ýapynja ýapynypdy.

Beýle pursatlarda, elbetde, goýazy pikirler seriňe dolýar. Emma onýança awtobusyň radiosyndan aýdym ýaňlanmaga başlady:

— Keýpine, keýpine, ýöne keýpine...

Bu şahyr Gurbannazar Ezizowyň sözlerine döredilen meşhur aýdymdy. Onuň liriki gahrymany şähere keýpine gezelenje çykypdy, ol ýolugra oýnap ýören çagany egnine mündürýärdi, öňünden çykan nätanyş gözel gyza keýpine salam berýärdi. Her näme etse-de, ol muny kireňsiz şatlyk, keýpiniň çaglygy, durmuşa bolan çäksiz söýgüsi bilen edýärdi.

Aýdymyň sözlerini diňledigimçe, kalbymda täsin-täsin pikirler oýanýardy, durmuşyň bize berlen bibaha serpaýdygy, onuň her bir pursadyndan lezzet alyp ýaşamalydygy barada oýlar barha ynamlylyk bilen kalbyma ornaýardy, men kaddym hem biraz dikelýän ýaly, göýä, süňňüme aýdymyň sözlerinden güýç, ylham gelýän ýaly duýgyny başdan geçirýärdim. Durmuş, geljege dahylly meýilnamalardyr indiki ýazmaly zatlarym, kärim-hünärim, özümi gurşap alan ýagşy adamlar barada oýlanmaga başladym.

Awtobus döwrebap ötükleridir ýol ulgamy bolan, bütin şäheri zowwam kesip geçýän giň şaýoldan aşak inipdi, tanyş aýdymçy ýigit bolsa barha joşýan owazy bilen şadyýan aýdymyny dowam edýärdi. Men aýdymyň uzagrak dowam ederini isleýärdim, emma bu mümkin däl, sebäbi ol radioda ýaňlanýardy.

Ine-de, aýdym tamamlandy, alypbaryjy hem indiki eşitdiriljek gepleşigiň adyny yglan etdi. Men adaty ahwalyma dolanyp geldim, öz pikirlerime berildim...

Men iş ýerime ýetmek üçin duralgada düşüp, ýene bir awtobusa münmelidim. Şeýle-de etdim.

Mus-musuň mustapasyny diňläň!

Täze münen awtobusymda radioda däl-de, magnitofondan eşitdirilýän aýdymda durmuşyň tukat taraplaryndan söhbet edilýärdi.

Gapma-garşylykly duýgulary diýsene! Hälki ruhubelentligimden nam-nyşan galmady, men indi göwnüçökgünlige uçrapdym. Emma...

Hernä, paýhas kömege ýetişäýdi, köňlümi büräp alan umytsyzlyk buludy birdenkä bir ýana el bilen syrylan ýaly etdi, misli ýagyşdan soň ýalbyrap Gün çykan ýaly boldy. Men aýdymyň gamgyn sözleriniň içinden bu ötegçi ömürde yz galdyrmaga çalyşmalydygy, ömri manyly, ile-güne peýdaly ýaşamaga jan etmelidigi, durmuşyň synag meýdanydygy, şonuň üçin islendik pursatda-da ruhdan düşmän, sowukganlylyk bilen, paýhas bilen geljege umytly garamalydygy baradaky manyny tapdym.

Meniň üçin, göräýmäge, içgysgynç bolup görnen bu aýdymyň täsiri ilkinji diňlän aýdymymyň eçilen täsirinden birjigem pes däldi, gaýta bu ruhubelentlik duýgynyň däl-de, eýýäm paýhasyň emri bilen kemala gelipdi.

...Iş ýerime gelenimde, eýýäm başga adamdym, mende: keýpine şähere gezelenje çykyp, ýolugra gabat gelen çagany egnine mündürýän, pete-pet gelen gyza: «Salam, keýgim!» diýip keýpine salam berýän, her günüň, her sagadyň gymmatyny bilmegi ündeýän Ezizowyň ruhubelentligi, dünýäniň synag meýdanydygy, şonuň üçin ýagşy işleri köpräk bitirip, sogap gazanmagy, özüň barada oňat ýatlama galdyrmagy öwüt edýän Pyragynyň peşgeş eden paýhasy jemlenipdi.

Hemra HUDAÝGULYÝEW.

                «Türkmenistan».

Başga makalalar
165bcdd8955012.jpeg
Durmuş hakykatyny ýazan

Ussat ýazyjy Hojanepes Meläýewiň ýiti galamyndan çykan «Tylla teňňeler», «Düýnki gelinler», «Daň ýyldyzy», «Garagumuň bürgütleri», «Durmuş dowamaty», «Aşyk oglan», «Ynsan keşbi» ýaly kitaplary öz döwründe okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Golaýda ýazyjynyň maşgalasy, halypa žurnalist Kümüş Meläýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:


165a96965a6c7e.jpeg
GONŞULAR (Hekaýa)

Bu wakalaryň bolan döwri — geçen asyryň 60-njy ýyllarynda, köçelerde ýeňil ulaglar gaty seýrekdi. Obada bolsa bir ýa iki adamda ýeňil ulag bardy. Şeýle bolansoň, ýeňil ulagly adamlar beýlekilere garanda mertebeliräk görünýärdi, goňşy-golamlaryň olara hormaty hem artygrakdy. Ýöne bu hormatyň aňyrsynda gerek wagty ulagyndan peýdalanarys diýen tamakinçilik hem ýok däldi.


162a17c5d6f814.jpeg
GUŞÇULYK: döwre laýyk we bäsdeşlige ukyply

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni amala aşyrmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirkizaman önümçilikleri döredilýär. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümler özümizde giňden öndürilip başlandy.

16229fa7e75bf6.jpeg
Hiç zat tötänlikden däl (Hekaýa)

Şol gün Nazar işine hemişekisinden gijräk galyp barýany üçin çalt ýöräp, duralga geleninde awtobus hem garaşdyrman geläýdi. Awtobus saklanandan Nazar howlugyp, dogrusyndaky öňki gapa tarap okdurylanynda ondan düşüp gelýän gyzyl paltoly gyz bilen çaknyşanyny duýman galdy. Gyz gaşlaryny çytyp:


16229f9e9aeedc.jpeg
MÄHRE ÝUGRULAN ÝÜZ ÝYL

Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy, 100 ýaşly ene Gurbantäç Alaýewa — il-günüň uly hormat-sarpasynyň eýesi. Halk arasynda Älem ene ady bilen tanalýan, bir asyry arka atan ene bu gün Gahryman Arkadagymyzyň göwün galkyndy- ryjy beýik işlerine, eşretli günlerimize tüýs ýürekden guwanyp, buýsanyp ýaşaýar.