Çyn sungaty döredýän Amangül GURBANOWA
Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül Gurbanowanyň aýdymlaryny diňläniňde, onuň belent sesine, şirin owazyna maýyl bolýarsyň. Aýdymçy zenanyň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän «Arkadag bilen», «Watan», «Söý, ezizim», «Intizar etdiň peri» ýaly aýdymlary diňleýjiler tarapyndan has-da söýlüp diňlenilýär. Biz hem «USSAT NEWS» elektron gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, aýdymçy zenan bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.
— Söhbedimizi sungat älemindäki başlangyç ädimleriňiz hakda berjek gürrüňleriňiz bilen başlaýeli?!
— Men Balkan welaýatynyň Etrek etrabyndaky 5-nji orta mekdebi tamamladym. Mekdepde okaýan döwürlerim teleýaýlymlarda, radioýaýlymlarda ýaňlanýan halk aýdym-sazlaryny ürç edip diňlärdim. Meniň halypam kakam — Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Aşyr Gurbanow. Biziň maşgalamyz sungat adamlary, doganlarym kakamyň ýanynda oturyp, eline dutar alyp, aýdyma hiňlenerdiler. Ejem janyň hüwdi aýdyşam diýseň özüne çekijidi. Kakamyň ýanynda oturyp, goşa taryň owazyna maýyl bolup, aýdym aýdardym. Ol aýdymlar şowlam çykardy. Şeýdip, aýdym-saza bolan höwesim ýüregimiň ylhamyna öwrüldi.
— Amangül, her bir aýdymçynyň öz ýoly, äheňi bolýar. Haýsy halypalary gowy görüp diňleýärsiňiz?
— Çaga wagtlarymyz kakamyň ýanyna atly bagşylar Aşyrmämmet Dawudow, Mäne Garaýew, gyjakçy Berdi Berdiýew dagy gelerdi. Şu ýerde kakamyň Türkmenistanyň halk bagşysy Nurberdi Gulowyň ilkinji şägirdi bolandygyny ýatlamak isleýärin. Uzak gije oturyp, aýdym aýdardylar. Sungat ýolunda öçmejek yz goýan halypa bagşylaryň ählisiniň aýdymlaryny diňlemekden lezzet alýaryn.
— Diýmek, maşgalaňyz aýdym-sazyň aşygy-da?!
— Elbetde. Maşgalamyzda atly bagşy-sazandalar bilen mähirli duşuşyklar, aýdym-saz baradaky gyzykly söhbetler çaga kalbymda aýdym-saza bolan höwesimi has-da artdyryp, sungat älemine girişmegime berlen ak pata boldy.
— Amangül, saz söz bilen sazlaşanda, çyn sungat döreýär. Işleşýän şahyrdyr kompozitorlaryňyz barada-da durup geçäýseňiz...
— Dogry aýdýarsyňyz, aýdymyň sözi, sazy ýerine düşende, ajaýyp eser döreýär. Kompozitorlar Omar Igamowyň, Muslim Gulamowyň, Begenç Hojaýewiň döreden ençeme aýdymlaryny ýerine ýetirýärin. Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewanyň goşgularyna birnäçe aýdym döretdim. Halypamyz Gözel Şagulyýewanyň sözlerine «Söý, ezizim» atly aýdymy söýlüp diňlenilýär. Şahyr Nurgözel Gozlyýewanyň sözlerinede birnäçe aýdymlary döretdik.
— Siziň pikiriňizçe, üstünligiň syry nämede?
— Kakam «Gyzym, sungatda mydama gözlegde bolmaly. Irginsiz zähmet çekseň, üstünlik, şowlulyk seniň bilendir» diýerdi. Gursakda käriňe bolan söýgi möwç urýarka, durmuşda üstünlik hemişe hemraň bolýan eken.
— Durmuşyňyzdaky bagtly pursatlary ýatlap geçäýseňiz.
— Biz — zenanlar bagtyň gujagynda ýaşaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň 2012-nji ýylda maňa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmagy zenan kalbymy has-da joşa getirdi. Durmuşymda iň bagtly günlerim oglumyň dünýä inen güni, şeýle-de «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýeňiji bolan günüm.
— Maşgala durmuşyňyz baradaky gürrüňleriňizi hem okyjylar bilen paýlaşsaňyz?!
— Maşgalamyzda on üç dogan bolup ulaldyk. Doganlarym Şatmyrat gyjak, Amangeldi dutar çalýar. Bossantäç baýramçylyga bagyşlap goşgy düzüp, gazal edip aýdýar. Oglum Stambul Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny tamamlady. Gelnim Aýbölek bolsa, bagtyýar döwrümiziň bagtly talyby. Agtyjagym Nurana maşgalamyzyň göz-guwanjy.
— Adamlarda haýsy häsiýetleri halaýarsyňyz?
— Alçak, mähirli, hoş söz berip bilýän ynsanlary gowy häsiýetli adamlar diýip hasaplaýaryn.
— Geljekdäki maksatlaryňyz?
— Gahryman Arkadagymyzyň ynamyny ödemek üçin geljekde-de halkymyzyň göwnünden turjak aýdymlary döretmek — baş maksadym. Watanymyzda tutulýan toýlarda buýsançly aýdymlarymyz bilen halkymyza hyzmat ederis.
— Amangül, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!
— Sag boluň!
Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.