Habarlar
162f746496f8d1.jpeg
Awazada deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçiriler
13.08.22 - 11:35

15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geciriler.


162f7357328964.jpeg
Brend nebiti 99,11 dollara çenli arzanlady
13.08.22 - 10:24

Deslapky günüň söwdalaşyklarynda ynamly ösüşden soň, anna güni söwdalaryň barşynda nebitiň bahalary aşaklaýar diýip, Interfaks habar berýär.


162f733da6b93f.jpeg
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metrine 2300 dollardan geçdi
13.08.22 - 10:17

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metrine 2300 dollardan geçdi. ICE Futures biržasynda TTF üçin golaýdaky fýuçersiň bahasy penşenbe güni irden müň kub metri üçin 2311 dollara ýetdi, şol bir wagtyň özünde söwdalaşyklar 2200 dollardan başlandy diýip, Interfaks habar berýär.


162f617b648365.jpeg
«Türkmennebit» DK ugurdaş gazyň köpçülikleýin ýitgisini azaltmaga ýykgyn edýär
12.08.22 - 14:04

«Türkmennebit» döwlet konserni Türkmenistanyň Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynda nebit guýularyndan ugurdaş gazlaryny toplap, onuň köpçülikleýin ýitgisiniň öňüni almak ugrunda iş alyp barýar.


162f616261020f.jpeg
Dünýä boýunça nebit ibermeleri iýul aýynda pandemiýadan soňky iň ýokary çägine ýetdi - HEA
12.08.22 - 13:58

OPEC+ ýurtlary tarapyndan nebit çykarylyşynyň artmagy, şeýle hem birnäçe sebitlerde tehniki hyzmat senagatynyň düýpli dikeldilmegi netijesinde dünýä boýunçe nebit ibermeleri iýul aýynda pandemiýadan soňky iň ýokary çägine ýetdi diýip, Interfaks Halkara energetika agentliginiň her aýlyk hasabatyna salgylanyp habar berýär.


162f45dc0a3d54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Garşy” deňiz birikmesi hem-de “Deňiz han” atly harby gämi bilen tanyşdy
11.08.22 - 06:39

10-nji awgustda, Ir bilen Balkan welaýatynda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow günbatar sebitimizde ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň “Garşy” deňiz birikmesine geldi hem-de bu ýerde “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşdy.


162f3c2d1ed12c.jpeg
Aşgabatda Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» XXVII Halkara maslahaty geçiriler
10.08.22 - 19:38

Aşgabatda 26-28-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» XXVII Halkara maslahaty we sergi geçiriler.


162f348fb766dc.jpeg
«Tiz hyzmat» Türkmenistanyň bazaryny ýokary hilli kömelekler bilen üpjün edýär
10.08.22 - 10:58

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Tiz hyzmat» hususy kärhanasy il arasynda gelin kömelekleri diýip tanalýan şampinýonlary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär. Kärhanada geçen ýylyň noýabr aýynda ilkinji hasyl ýygnalypdyr.


162f10373ca6a0.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
08.08.22 - 17:37

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.


162f2434194539.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Garabogaz kölüň üstünden geçjek täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.08.22 - 15:41

Şu gün, 8-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogaz kölüň üstünden geçjek täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Ol Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmak babatda hem, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek babatynda hem ähmiýetli waka boldy.


162f00bbb1a495.jpeg
Aşgabatda halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
07.08.22 - 20:00

6-nji awgustda paýtagtymyzda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy--2022” atly halkara sergisi we “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly ylmy maslahaty öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.


162efbf510928d.jpeg
Esenguly etrabynda 1 million dollarlyk “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkezi açyldy
07.08.22 - 18:34

5-nji awgustda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy.


162ed59438bf05.jpeg
Aşgabatda, welaýat merkezlerinde we obalarda 3-nji awgustda mekdep bazarlary açyldy
05.08.22 - 22:54

Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde we obalarda 3-nji awgustda mekdep bazarlary açyldy, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär. Olary Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi gurady.


162ed540f71473.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy» atly Halkara forum geçiriler
05.08.22 - 22:31

6-7-nji awgustda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2022» atly Halkara sergisi we maslahaty geçiriler. Forum gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanýar.


162ec991c60ebf.jpeg
Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen Awazada welosipedli ýörişi hem-de sport maşklaryny ýerine ýetirdi
05.08.22 - 09:11

4-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen ir säherde Hazaryň kenaryna çykyp, birsellem gezelenç edip, welosipedli ýörişi amala aşyrdy, şeýle-de sport maşklaryny ýerine ýetirdi.