
Mary welaýatynyň gaz geçirijilerini abatlamak işleri dowam edýär
10.11.21 - 18:56«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň kärhanalaryny we guramalarynyň, şeýle hem Mary welaýatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça gurluşyk-gurnama müdirliginiň işgärleri şäherleriň we obalaryň ilatyny gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek, hereket edýän gaz geçirijilerini abatlamak, gaz torlaryny ýyladyş möwsümine taýýarlamak boýunça işleri alyp barýarlar.

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahatyna gatnaşyjylara
10.11.21 - 13:04Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahatyna gatnaşyjylara.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
08.11.21 - 23:49Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 55-si hasaba alyndy.

On aýyň jemlerine garaldy
08.11.21 - 20:08Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy.

Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi
07.11.21 - 20:24Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň Büzmeýin ýaşaýyş jaý toplumynda Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin gurlan 1 sany 4 gatly, degişlilikde, iki we üç otagly, jemi 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

OPEC+ dünýä wada edilenden artyk nebit bermedi
07.11.21 - 19:15OPEC+ ýurtlarynyň ministrleri penşenbe güni öň bellenilen meýilnama eýermek hem-de meýilleşdirilenden artyk nebit önümçiligini ýokarlandyrmazlyk babatda biragyzdan çözgüt kabul etdiler. Sarp edijileriň goşmaça nebit möçberleri baradaky ýüz tutmalary jogapsyz galdy. OPEC+ muny geljekde islegiň peselmegi baradaky çaklama bilen düşündirýär diýip, Interfaks habar berýär.

OPEC+ duşuşygyndan soň nebitiň bahasy gymmatlady
07.11.21 - 19:05Öňküsi gün aşaklamadan soň, OPEC+ duşuşygynyň kararynyň çäginde anna güni geçirilen söwdalaryň dowamynda nebitiň bahalary ýokarlandy diýip, Interfaks habar berýär.

Şu gün ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi
06.11.21 - 19:04Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz bazarlary we dükanlary dürli önümler bilen üpjün edilmegini we bahalaryň ýokarlanmazlygyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy
05.11.21 - 14:094-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Koreýa Respublikasy Maglumata elýeterlilik merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi
05.11.21 - 00:47Koreýa Respublikasynyň Ylym we maglumat tehnologiýalary ministrligi ýokary tizlikli internet ulgamyny gurnamak üçin döwrebap aragatnaşyk enjamlary, kompýuter serişdeleri, zerur serwerler, tor we programma önümleri bilen üpjün edilen Maglumata elýeterlilik merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi.

Türkmenistan we Owganystan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýar
04.11.21 - 16:39Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kabul şäherine saparynyň çäklerinde geçirilen türkmen-owgan gepleşikleriniň jemleri ileri tutulýan ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

10 aýda «Transneftiň» nebit geçirijileri arkaly Türkmenistandan 1,5 mln tonnadan gowrak nebit iberildi
04.11.21 - 16:32Ýanwar-oktýabr aýlarynda «Transneftiň» nebitgeçirijileri boýunça Russiýa Federasiýasynyň çäginde Türkmenistandan 1,53 mln tonna nebit üstaşyr geçirildi. Şolardan oktýabr aýynda 80,9 müň tonna «gara altyn» iberildi. Bu barada Interfaks habar berýär.

Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdirine berk käýinç yglan edildi
04.11.21 - 09:24Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri Ataýew Wepaly Durdymuhammedowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi
04.11.21 - 08:193-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

«Iran Khodro» Türkmenistana iki ýangyçda işleýän awtomobilleri getirmäge taýýar
03.11.21 - 16:53Tähranda «Iran Khodro Industrial Group» iri awtomobilgurluşyk kompaniýasynyň baş direktory Farşad Mogimi Türkmenistanyň awtomobil ulaglary agentliginiň (“Türkmenawtoulaglary”) ýolbaşçysy G.Akmämmedow bilen bolan duşuşykda kompaniýanyň türkmen bazaryna iki ýangyçda işleýän (benzin+gaz) täjirçilik we ýeňil awtomobilleri getirmäge taýýardygyny beýan etdi diýip “Türkmenistan: altyn asyr” saýty habar berýär.