
TOPH gaz geçirijisi tutuş sebite bähbit getirer, şol sanda üstaşyr geçirim üçin Owganystana 1 mlrd dollar getirer — Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy
31.08.21 - 14:14Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy tutuş sebite peýda getirer we bu taslama tamamlanandan soň Owganystanyň gaznasyna diňe üstaşyr töleglerden 1 milliard ABŞ dollar geler, bu barada Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi penşenbe güni aýtdy diýip, Pakistan neşiri Daily Times belleýär.

Türkmen-owgan serhedinde gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň bökdençsiz işi üpjün edilýär - DIM
30.08.21 - 22:45Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-göýberiş nokatlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegi dowam edýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Türkmenistan Owganystanyň sebitlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmegini dowam edýär — DIM
30.08.21 - 14:34Türkmenistan häzirki hereket edýän şertnamalaryna laýyklykda goňşy Owganystana elektrik energiýasynyň üpjünçiligini dowam edýär diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görülýär
30.08.21 - 13:341-nji sentýabrda Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görülýär. Täze 2021-2022-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde baýramçylyk çäreleri guralar.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
30.08.21 - 13:18Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy.

TNGIZT-de ýedi aýda 41,6 müň tonna polipropilen öndürildi
29.08.21 - 16:21Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşarky bazarlarda hem uly islegden peýdalanýan polipropileniň önümçiligini yzygiderli artdyrýar.

Türkmenistan Gruziýa awtomobil ýangyjyny ibermekde ilkinji üçlükde
29.08.21 - 11:48Birinji ýarymýyllykda Gruziýa 669,2 mln litr benzin we dizel ýangyjyny import etdi. Ýangyjyň aglaba bölegi hasabat döwründe Rumyniýadan – 23,77%, Türkmenistandan – 23,75% we Russiýadan – 21,1% import edildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasibetli dabaraly çäreler geçiriler
28.08.21 - 20:16Şanly sene mynasybetli döredijilik duşuşyklary, sanly ulgam arkaly maslahatlar, sergiler, aýdym-sazly çykyşlar, şygryýet agşamlary, mowzuklaýyn maslahatlar geçiriler we yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda güýzlük bugdaý ekişine başlamaga ak pata berdi
28.08.21 - 19:11Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda geljek ýylyň güýzlük bugdaý ekişini 3-nji sentýabrda başlamaga ak pata berdi. Halkymyzyň asylly däplerine eýerip, bu möwsüme hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda girişiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow: geljekde Hytaýa tebigy gazyň eksporty 100 mlrd kub metre ýeter
27.08.21 - 20:09Geljekde Hytaýa iberilýän tebigy gazyň mukdary 100 milliard kub metre ýetiriler. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni «Galkynyş» gaz käninde täze guýulary burawlamak işine badalga bermäge geçirilen dabaranyň barşynda belledi.

Wise-premýerler jogapkär edilip bellenildiler
27.08.21 - 14:00"Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde...

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň düzümini tassyklady
27.08.21 - 13:50Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň düzümini tassyklady.

Ýaşyldepe käninden ýedi aýda 82 müň tonna nebit çykaryldy
25.08.21 - 20:30Uglewodorod çig malyna baý bolan Balkan welaýatynyň känlerinde nebit işlerini alyp barýan «Ýaşyldepe» nebitgazçykaryş müdirliginiň hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda ýokary görkezijileri gazanýarlar.

Türkmenistanda energetiki hyzmat merkezinde enjamlary oturtmak başlandy
25.08.21 - 19:56Potratçy edara — «Çalık Enerji» kompaniýasynyň hünärmenleri energetiki enjamlary abatlamak we serwis hyzmatlary bermek boýunça Merkezi njamlaşdyrmak işine girişdiler diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär. Merkez «Türkmenenergo» döwlet korporasiýasynyň sargydy boýunça döredilýär.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
24.08.21 - 19:55Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.