Habarlar
160a7cebd9ee35.jpeg
Hormatly Prezidentimiz tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda baryp gördi
21.05.21 - 20:21

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan täze iň döwrebap senagat toplumynyň – tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy. Şeýle hem dikuçardan birnäçe iri desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyny synlady.


160a699d9e2e4d.jpeg
Yslamabat TOPH taslamasyny tiz wagtda durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär
20.05.21 - 22:19

Pakistanyň öňdebaryjy habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, Pakistan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak taslamasynyň gysga wagtda durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýär.


160a575317198b.jpeg
Нormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Döwlet muzeýine 1971-nji ýylda işläp bejeren kürtesini gowşurdy
20.05.21 - 01:30

Нormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejе Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine milli amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eserini — 1971-nji ýylda işläp bejeren kürtesini gowşurdy.


160a402d6617f7.jpeg
Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler
18.05.21 - 23:10

“Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek hakynda” meýilnama laýyklykda, 24-25-nji maýda Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XX köpugurly sergini hem-de onuň çäklerinde dizaýnerleriň arasynda binagärlik bäsleşigini geçirmek maksat edinilýär.



160a3824724b5c.jpeg
Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
18.05.21 - 14:09

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


160a2b48abfb0d.jpeg
Talyplar hünär başarnyklaryny tejribede özleşdirýärler
17.05.21 - 23:24

SNGIZ-niň №15 başlangyç hünär okuw mekdebiniň 400-den gowrak talyby önümçilik tejribesini geçdiler. Tejribeligiň dowamynda talyplar hünär başarnyklaryny we endiklerini aldylar.


160a116d4e0839.jpeg
TNGIZT-de täze tehnologik desgalaryň birnäçesini gurmak meýilleşdirildi
16.05.21 - 18:00

“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, ýakyn geljekde TNGIZT-de täze tehnologik desgalaryň birnäçesini gurmak meýilleşdirildi, şunuň bilen baglylykda, nebithimiýa toplumyna ugradylýan çig nebitiň möçberlerini artdyrmaga, sebitiň nebiti gaýtadan işleýän kärhanasynyň çykarýan önümlerini ýurdumyzyň we daşary döwletleriň sarp edijilerine öz wagtynda iberilmegini üpjün etmäge aýratyn üns beriler.


160a01709894a4.jpeg
Bilim ministrligi 161 müň 739 sany kompýuteri “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasyndan satyn alar
15.05.21 - 23:48

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2021-2022-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


1609cb126cb53b.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
13.05.21 - 09:33

12-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


1609b397506ca8.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara
12.05.21 - 20:58

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň we gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýän ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyzda geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


1609b36bea3828.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti ekologiýa çäresiniň çäklerinde welosipedli ýörişe gatnaşdy
12.05.21 - 07:01

11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.


1609ace5644463.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidentine we Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
12.05.21 - 06:49

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Kazan şäheriniň 175-nji mekdebinde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna getiren, olaryň köpüsiniň neresse çagalaryň bolmagy bilen bagly pajygaly waka zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.


1609ab49788f06.jpeg
Dört aýyň jemlerine garaldy
11.05.21 - 21:58

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda wideomaslahat görnüşinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


160997968974c1.jpeg
Türkmenistana Hytaýyň “CoronaVac” sanjymynyň uly tapgyry getirildi
10.05.21 - 23:22

9-njy maýda COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň «Sinovac» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVac” waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana getirildi. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilen kliniki barlaglaryň netijesinde, bu waksina özüniň ýokary netijeliligini we howpsuzdygyny subut etdi.