Habarlar
160c76193a449d.jpeg
Halypanyň ýubileý toýy toýlanyldy
14.06.21 - 18:44

Türkmeniň aýdym-saz sungaty düýpsüz umman. Bu ýola ykbalyny baglap, oňa hyzmat eden, halkyň söýgüsini gazanyp, ykrar edilen halypalar sanardan köp. Olaryň käbiri bolsa il içinde has-da meşhurdyr. Görnükli estrada aýdymçylarynyň biri-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň parlak ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa. Aslynda ol düýnüň hem, şu günüň-de saýlama ussatlarynyň ilkinjileriniň hataryndadyr.


160c4bd7b9f58a.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti 9 — 11-nji iýun aralygynda BAE-de birnäçe duşuşyklary geçirdi
12.06.21 - 18:59

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti 9 — 11-nji iýun aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde gulluk iş sapary bilen bolup, birnäçe duşuşyklary geçirdi.


160c4af8d07627.jpeg
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri jemlendi
12.06.21 - 17:59

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir.


160c3ae6edd5f1.jpeg
Mary-Türkmenabat ýolunyň ugrunda AÝGB abatlanylyp işe girizildi
11.06.21 - 23:42

TNGIZT-niň «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Baýramaly nebit önümleri kärhnasynyň hünärmenleri Mary-Türkmenabat şäherara ýolunyň ugrunda ýerleşen №191 belgili AÝGB-ni abatlap, işe girizdiler.


160c3aca72bbad.jpeg
«Türkmennebit» DK-nyň nebit guýularyny ulanyşa bermek boýunça işleriň depgini ýokarlanýar
11.06.21 - 23:35

«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümleri plastik turbalaryň kömegi bilen abatlanylan nebitgaz guýularyny ulanyşa bermek boýunça işleri ýokary depginde alyp barýarlar.


160c322515afb0.jpeg
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby italýan diline neşir edildi
11.06.21 - 13:45

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby italýan diline terjime edilmegi we çapdan çykmagy dünýäde biziň ýurdumeza bolan gyzyklanmanyň ýokorlonýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Milli Liderimiziň bu meşhur edebi-filosofik eserinde umumydünýä ösüşine goşant goşan türkmen halkynyň örän baý ruhy-ahlak mirasy wagyz edilýär.


160c01f001d23b.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakyndaky” Karara gol çekdi
09.06.21 - 06:55

Türkmenistanyň Prezidenti “Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakyndaky” Karara gol çekdi


160c018190445b.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Jon MakGregory kabul etdi
09.06.21 - 06:28

8-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon MakGregory kabul etdi. Ol özüniň wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi.


160bf3017769d0.jpeg
TNGIZT täze görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy
08.06.21 - 13:55

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 20, 25, 30 mikrometr galyňlykdaky gaplama örtüklere goşmaça polipropilen örtüginiň ak sadap görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy.


160be666d30d5e.jpeg
Bäş aýyň jemlerine garaldy
07.06.21 - 23:38

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


160be5fcaf26d3.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
07.06.21 - 23:05

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.


160be57ad9f5d0.jpeg
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
07.06.21 - 22:33

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy.


160bcf478de9c0.jpeg
«Lukoýl» türkmen-azerbaýjan «Dostluk» ýatagynyň operatory bolmagy meýilleşdirýär
06.06.21 - 21:15

Russiýanyň «Lukoýl» nebit kompaniýasy Hazar deňzindäki türkmen-azerbaýjan “Dostluk” ýatagynyň operatory bolmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň prezidenti Wagit Alekperow Sankt-Peterburgda geçirilýän Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde aýtdy diýip, Interfaks agentligi habar berdi.


160bcf2486badf.jpeg
«Galkynyş» käninde guýulary berkitmek we sementlemek boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar
06.06.21 - 21:06

«Türkmengaz» döwlet konserniniň tamponaž müdirliginiň hünärmenleri guýulary berkitmek we sementlemek, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, duz-kislotaly işläp taýýarlamak işinde baý tejribe hem-de gymmatlyk başarnyklary edindiler. 2021-nji ýylynda müdirligiň burawçylary 9 mln 906 müň manatlyk sement işlerini ýerine ýetirdiler.


160bb42062354b.jpeg
Şatlyk şäheriniň ilaty gaz bilen üznüksiz üpjün edilýär
05.06.21 - 14:22

Mary welaýatynyň «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň «Şatlykşähergaz» gaz hojalyk kärhanasynyň hünärmenleri gazyň üznüksiz berilmegini üpjün edýärler, gaz enjamlaryna we gaz geçirijilerine ýokary hilli hyzmat edýärler.