
Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi
04.06.21 - 07:283-nji iýunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi.

Ýurdumyzda çagalaryň dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna badalga berildi
04.06.21 - 07:122-nji iýunda Aşgabat şeheriniň mekdep okuwçylary paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdança ýygnandylar. Olar şu ýerden tomusky dynç alyş möwsüminde ajaýyp Gökdere jülgesinde ýerleşýän dynç alyş-sagaldyş merkezlerine ugradylar.

Ertir ýurdumyzda galla oragy başlaýar
03.06.21 - 21:34Ýurdumyzda örän möhüm möwsüm bolan galla oragy başlaýar. Edermen gallaçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde, şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.

Türkmenistanyň içeri işler ministrine berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy
03.06.21 - 21:20Türkmenistanyň içeri işler ministri Çakyýew Mämmethan Berdimyradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

Amanow Çarymyrata berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy
03.06.21 - 21:09Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Amanow Çarymyrat Kakalyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy
03.06.21 - 20:56Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy
03.06.21 - 19:522-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem bu düzümleriň ýakyn geljek üçin işleriniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine bardy
02.06.21 - 13:531-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde guralan dabaraly çärä gatnaşdy. Bu baýramçylyk dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, döwletimiziň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda BMG-niň esasy ýörelgelerine ygrarlylygynyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyk seneleriniň sanawyna girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti“Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeş boldy
01.06.21 - 07:19Şu ýyl bellenilýän şanly sene – Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeş boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň altyn nyşany bilen sylaglanyldy
01.06.21 - 07:04Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda habarlary alyşmak hem-de habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklar babatda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň giňeldýär.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
31.05.21 - 06:41Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Türkmen halysynyň baýramy bilen gutlady
30.05.21 - 15:25Çeper elli halyçylarymyza, ýurdumyzyň ähli halkyna, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guralýan dabaraly çärelere hem-de Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejeli Ählumumy “tegelek stoluň” başyndaky maslahata gatnaşdy
30.05.21 - 14:39Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Gazyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir” mowzugy bilen geçirilen ýokary derejeli Ählumumy “tegelek stoluň” başyndaky maslahata gatnaşdy. Onlaýn görnüşindäki maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreş geçirdi.

Türkmenistanda tebigy gazyň çykarylyşy we eksporty artýar
29.05.21 - 21:24«Türkmengaz» döwlet konserni uglewodorod çig malyny çykarmagyň depginini artdyrýar. Şu ýylyň dört aýynda ýer astyndan tebigy we ugurdaş gazyň 29 milliard kubmetre golaýy, ýagny geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 4 milliard kubmetrden gowragy çykaryldy.

Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuş ýoluna bagyşlanan çäreler geçirildi
29.05.21 - 15:1328-nji maýda Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän harby bölümde we Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň kyblasy, Watanymyzyň wepaly oglunyň röwşen keşbine hem-de durmuş ýoluna bagyşlanan çäreler geçirildi.