Habarlar
16033ba72cf373.jpeg
Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işi geçirilýer
22.02.21 - 19:06

TURKMENISTANYN BILIM MINISTRLIGI 2021-2022-nji okuw ýyly üçin Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary bilim we magistratura okuw maksatnamalary boýunça seçip alyş işini geçirýär.


160337d76a5e86.jpeg
Ankarada daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
22.02.21 - 14:47

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere hem-de “Türkmenistan–Türkiýe–Azerbaýjan” üçtaraplaýyn dialogyň çäklerinde geçiriljek daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin, 2021-nji ýylyň 22-24-nji fewraly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde gulluk iş saparynda bolar.


160336e7627e84.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
22.02.21 - 13:43

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy.


16031d54f49089.jpeg
Nebitgaz toplumynda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar
21.02.21 - 08:50

Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň merkezi edaralarynyň düzüminde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.


16031d09a5f2dd.jpeg
2020-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 8,6 göterim ýokarlandy
21.02.21 - 08:17

2020-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanyşygy 8,6 göterim ýokarlandy. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen çarşenbe güni geçiren duşuşygynda habar berildi.


16030cd932794f.jpeg
Türkmenistan Astrahan welaýatyna muzdsuz кömek berer
20.02.21 - 13:48

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we dostlukly hyzmatdaşlykdan ugur alyp...


16030c25f55471.jpeg
Türkmenistanda 2021-nji ýylda ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy
20.02.21 - 13:07

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini durnukly saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.


1602ff908c482f.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
19.02.21 - 22:50

18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


1602f8128ef29f.jpeg
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollary gowşuruldy
19.02.21 - 14:24

Şu gün “Bagtyýar zaman” obasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan S.A.Nyýazow adyndaky etraba mynasyp bolan baýragy – ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


1602f2e6305d42.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze ilçisi bilen TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşyny maslahatlaşdy
19.02.21 - 08:20

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmed bilen 16-njy fewralda geçiren duşuşygynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.


1602e09d4aeec0.jpeg
Demirgazyk Goturdepede täze guýulardan nebit çykaryldy
18.02.21 - 11:35

Hazaryň türkmen ýalpaklygynyň we kenarýaka zolagynyň geljegi uly ýataklaryny senagat möçberinde batly depginler bilen özleşdirilmek, bu ugurda daşary ýurt kompaniýalaryny we maýalaryny hyzmatdaşlyga çekmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nebitgaz toplumynyň hünärmenleriniň öňünde goýan esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.


1602d58b3e65e1.jpeg
«Türkmengeologiýa» DK täze guýularda buraw işlerini alyp barýar
17.02.21 - 22:56

Türkmenistanyň ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýän ýylynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda we desgalarynda işler giň gerimde alnyp barylýar. Şu günlerde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri «Malaý» käninden uzakda bolmadyk «Agarguýy» meýdançasynda № 5 guýusyny burawlamaga girişdiler. Guýynyň taslama çuňlugy 3300 metre deňdir.


1602d46b29f941.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda geçen ýylyň jemlerine garaldy
17.02.21 - 21:39

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada we edara-kärhanalarda geçen 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýerine ýetirilen işleriň jemine hem-de şu ýylyň ýanwar aýynyň netijelerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy.


1602c02d84d7d1.jpeg
Resmi habarlar
16.02.21 - 22:38

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary.


1602bfb2946e17.jpeg
Aşgabat şäherinde Altyn kölüň kenarynda 2021-2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak bellenildi
16.02.21 - 22:05

Aşgabat şäherinde Altyn kölüň kenarynda 2021-2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak bellenildi