Habarlar
165e5c19253023.jpeg
Türkmenistan we Türkiýe gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekdiler
04.03.24 - 17:41

Türkmenistan we Türkiýe gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekdiler diýip, ýurdumyzyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.


165e5be0f2d549.jpeg
Türkmen tebigy gazyny swap usuly arkaly Türkiýä eksport etmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
04.03.24 - 17:26

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren duşuşygynyň barşynda Türkiýä türkmen elektrik energiýasyny eksport etmek, dostlukly ýurda türkmen tebigy gazyny “swap” usuly arkaly ibermek bilen baglanyşykly meselelere seredildi.


165e5a89a6b1cb.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
04.03.24 - 15:55

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.


165e460548a905.webp
Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçiriler
03.03.24 - 16:34

Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçiriler.


165e36b6f3e3e2.jpeg
Türkmenistanda 16-njy martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler
02.03.24 - 23:09

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem “Türkmenistanda 2024-nji ýylda bag ekmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda çykaran 867-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi.


165e33c48535a0.jpeg
Hökümet mejlisinde Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynyň iki aýda işiniň netijelerine garaldy
02.03.24 - 19:48

1-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


165e338e322211.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideri 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşy
02.03.24 - 19:34

Türkmen halkynyň Milli Lideri 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşy.


165e1d0a8d4c42.jpeg
Nebitiň bahalary durnukly ýagdaýda
01.03.24 - 17:57

Geçen hepdede ýokary galyp, aşak düşmelerden soň, penşenbe güni söwdalaryň barşynda nebit durnukly bahasyny saklap galýar.


165e180d5784a8.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
01.03.24 - 12:16

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin, iş sapary bilen ugrady,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


165e157f5b3597.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Rustam Minnihanowy doglan güni bilen gutlady
01.03.24 - 09:22

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


165e0b909d26ac.jpeg
Jebelde halkara howa menziliniň gurluşygynda hünärmenleriň 600-den gowragy zähmet çekýär
29.02.24 - 22:04

Şu ýyl Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde sagatda 100 ýolagça hyzmat edip biljek täze halkara howa menziliniň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda döwrebap tehnologiýalar ulanylyp, desgany gurmakda dürli hünärli hünärmenleriň 600-den gowragy zähmet çekýär, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.


165e0b60fd774b.jpeg
Nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde ylmy-amaly maslahat geçirildi
29.02.24 - 21:51

Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, şeýle-de Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, ylmy-amaly maslahat we sergi guraldy.


165df56fe70ba5.jpeg
Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy «Awazada» okuw maslahatyny geçirdi
28.02.24 - 20:53

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, «Türkmennebit» DK-nyň Kärdeşler arkalaşygynyň komiteti, TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan okuw maslahaty geçirildi.


165df543baf241.jpeg
Nebitgaz toplumynda hoşallyk maslahaty geçirildi
28.02.24 - 20:41

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi dolandyryş binasynda «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdy.


165df5186f2532.jpeg
“Gahryman Halilbeýli” tankeri türkmen nebitiniň Azerbaýjana iberilmegini üpjün eder
28.02.24 - 20:30

ASCO flotyna degişli bolan “Gahryman Halilbeýli” nebitguýujy tankeri düýpli abatlaýyş işlerini geçdi we Türkmenbaşy portundan nebit daşamaga doly taýýar edildi. Häzirki zaman tehnologiýalaryň we enjamlaryň kömegi bilen ASCO-nyň “Zyh” (Zığ) gämi abatlaýyş zawodynda abatlaýyş boýunça işler geçirildi.