
«Gazprom» Türkmenistanyň, Russiýanyň we Kataryň gatnaşmagynda gaz merkezini döretmek hakynda Eýranyň pikirini öwrener
16.10.23 - 17:46«Eýranyň Türkmenistanyň, Russiýanyň we Kataryň gatnaşmagynda gaz merkezini döretmek baradaky teklibine baha bermek we öwrenmek gerek» diýip, Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowak RT Arabik teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti: ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek — GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugrudyr
16.10.23 - 17:43Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkekde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda Aşgabadyň Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugrunyň ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bolup durýandygyny belledi.

Ýurdumyzda ilkinji gezek «Arkadagyň säheri» halkara film festiwaly geçirildi
16.10.23 - 16:0314-15-nji oktýabrda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek «Arkadagyň säheri» halkara film festiwaly geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
14.10.23 - 10:26Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy

Gahryman Arkadagymyz sadaka gatnaşdy
14.10.23 - 09:1913-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sadaka berildi.

Türkmenistanyň ýaş sazandalarynyň Bişkekdäki Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýaş wekilleriniň arasynda XVII Delfiý oýunlarynyň üstünlikleri
13.10.23 - 12:28Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýaş wekilleriniň arasynda XVII Delfiý oýunlarynyň bäsleşigi geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyzystana bardy
13.10.23 - 11:36Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

Aşgabatda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi geçiriler
13.10.23 - 11:01Aşgabatda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi geçiriler.

Dabaraly maslahat geçirildi
12.10.23 - 23:41Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkiýä boljak resmi saparymyz türkmen-türk gatnaşyklarynda täze sahypany açar
12.10.23 - 23:30Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna boljak resmi saparynyň türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.

Hyundai Engineering Aşgabatda OGT-2023-de kümüş hyzmatdaş bolup çykyş eder
12.10.23 - 23:2325-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» (OGT 2023) Halkara sergisiniň we maslahatynyň başlanmagyna iki hepdeden hem az wagt galdy. Bu ýurdumyzyň energetika pudagy üçin möhüm çäreleriň biri bolup, onda ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti Rumyniýada energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
11.10.23 - 22:20Sişenbe güni Rumyniýanyň energetika ministrliginiň binasynda nobatdaky Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
11.10.23 - 22:18Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda «Arkadag» medaly gowşuryldy
11.10.23 - 22:02Sişenbe güni, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň uly dabaralar bilen bellenilýän gününde Prezident Serdar Berdimuhamedowy “Arkadag” medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Başlyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar
10.10.23 - 22:06Türkmenistanyň daşary syýasy edrasynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Başlyklarynyň - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň we öz ýurdunyň wekilçilikli toparynyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda sapar bilen bolýan Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Owerçugyň arasynda geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy.