
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakyldy
24.09.23 - 23:41Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilen 1180 raýatymyzyň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi
23.09.23 - 18:14Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen 1180 raýatymyzyň mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle-de belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
23.09.23 - 02:0422-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 42 ýaşady. Döwlet Baştutanyny doglan güni mynasybetli daşary ýurtly kärdeşleri, şeýle hem türkmen Hökümetiniň agzalary gutladylar.

HHR-iň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti bilen strategiki başlangyçlary ilerletmäge we energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýar
23.09.23 - 01:56Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýändigini we “Bir guşak, bir ýol” atly bilelikdäki başlangyjyň Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy bilen utgaşdyrylmagyny yzygiderli ilerledip, ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga, energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýardygyny belledi.

Türkmenistan ýanwar-awgust aýlarynda HHR-e turba geçiriji arkaly gazyň eksportyny 5% artdyrdy
23.09.23 - 01:492023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynyň jemleri boýunça Turbageçirijiler arkaly Hytaýa gaz eksport etmek boýunça Türkmenistan ozalkylary ýaly birinji ýerde barýar. Şu ýylyň ýanwar - awgust aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 6,63 milliard dollar bolan tebigy gazy Hytaýa iberdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 5 göterim köpdür. Munuň şeýledigine Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň berýän maglumatlary görkezýär.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady
23.09.23 - 00:5222-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda Köpetdagyň ýalkymy we Nurly zaman atly täze obalar döredildi
22.09.23 - 22:38Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda Köpetdagyň ýalkymy we Nurly zaman atly täze obalar döredildi.

Watanymyzyň röwşen geljegi hem-de täze belent sepgitleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen üznüksiz bagly
22.09.23 - 02:40Watanymyzyň röwşen geljegi hem-de täze belent sepgitleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen üznüksiz bagly.

Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji mejlisi 2024-nji ýylda Aşgabatda geçiriler
22.09.23 - 00:42Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji mejlisi 2024-nji ýylda Aşgabatda geçiriler. Bu barada 19-njy sentýabrda Seulda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň “Geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek” ady bilen geçirilen ilkinji Maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada aýdylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Nebitgaz toplumynyň kärhanalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli sergä işjeň gatnaşdylar
22.09.23 - 00:3720-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birinji duşuşygyna gatnaşdy
21.09.23 - 00:19BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni, günüň ikinji ýarymynda “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşy
20.09.23 - 23:53Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşy. (Nýu-Ýork şäheri, 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabry)

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi
20.09.23 - 17:33Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasyndaky çykyşy
20.09.23 - 17:02Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasyndaky çykyşy.

Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri: koreý kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga ymtylýarlar
20.09.23 - 15:33Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Dok Sun Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşygynda öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebit-gaz we nebithimiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.