
Hormatly Prezidentimiziň Täjigistana iş sapary başlandy
14.09.23 - 11:36Şu gün, 14-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
13.09.23 - 13:31Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.

Ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy
12.09.23 - 18:512023-nji ýylyň sekiz aýynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu barada geçen anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi.

Nebitgaz toplumynda sekiz aýyň jemlerine garaldy
12.09.23 - 14:3111-nji sentýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 8-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.

«Galkynyş» gaz käninde tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymy alyndy
12.09.23 - 08:19Täzelikde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 238-nji belgili ulanyş guýusynda buraw işleriniň 4 müň 557 metr çuňlukda ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4496-4214 metr aralykdaky gatlaklarda jemi 189 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş guýusy her gije-gündizde 2 million 264 kub metr tebigy gaz berýär.

Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň 8 aýynyň jemleri jemlenildi
11.09.23 - 20:15Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gündelik wezipeleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasyna iş saparynу amala aşyrar
10.09.23 - 22:48Hormatly Prezidentimiziň Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşmak üçin 14-15-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasyna iş saparynу amala aşyrar.

Mukaddes Garaşsyzlygyň şanyna nebitgaz toplumynyň aýdymçylarynyň baýramçylyk konserti
10.09.23 - 09:29“Türkmengaz” Döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde «Nebit-gazly Watanymda ýaňlanýar Garaşsyzlyk, bagtyýarlyk mukamy» atly döredijilik çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konsertine nebitgaz toplumynyň belli aýdymçylary we döredijilik topary gatnaşdylar.

Türkmenistanda pagta ýygymyna badalga berildi
09.09.23 - 19:22Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen 9-njy sentýabrda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna badalga berildi. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar.

OGT-2023 Halkara maslahatynyň we sergisiniň täze hyzmatdaşlary we gatnaşyjylary belli boldy
09.09.23 - 01:1025-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT-2023 Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Geçiriljek çäreler üçin 20 ýurtdan 150-den gowrak wekil bellige alyndy. Bu barada guramaçylar habar berýär.

Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi
08.09.23 - 14:204-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar
07.09.23 - 10:38TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.

Katardaky «EKSPO-2023» üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny «Söwda öýi» kärhanasy gurar
06.09.23 - 09:03Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
05.09.23 - 10:40Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
04.09.23 - 15:12Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 89-sy hasaba alyndy.