
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar
07.09.23 - 10:38TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.

Katardaky «EKSPO-2023» üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny «Söwda öýi» kärhanasy gurar
06.09.23 - 09:03Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
05.09.23 - 10:40Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
04.09.23 - 15:12Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 89-sy hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň işine energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajyplygyny belledi
04.09.23 - 11:44Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 31-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň işine energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajyplygyny bellenildi.

«AÝBÖLEK» MEBEL KÄRHANASY HALKARA HYZMATDAŞLYGYNY ÖSDÜRÝÄR
02.09.23 - 09:03Ýokary hilli we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri bilen adygan «Aýbölek» mebel kärhanasy täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda goňşy Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň täze açylýan 400 orunlyk binasy üçin niýetlenen ýokary hilli partalary eksport etdi. Munuň özi milli kärhanalarymyzyň nobatdaky uly üstünlikleriniň aýdyň mysalydyr.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy
02.09.23 - 08:40Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
02.09.23 - 00:241-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

«Türkmengeologiýa» DK täze ýolbaşçy bellenildi
01.09.23 - 17:00Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dürli dabaraly çäreleri geçiriler
31.08.23 - 21:481-nji sentýabrda ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dürli dabaraly çäreleri geçirmek, şol sanda Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýmak göz öňünde tutulýar.

OGT-2023 Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk dowam edýär
31.08.23 - 13:59Mitro International we Hyundai Engineering Co. Ltd. kompaniýalary 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT-2023 Halkara maslahatynda kümüş hemaýatkärliklerini tassykladylar. Bu barada forumyň guramaçylary habar berdiler.

«Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligi: ýanwar-iýul aýlarynda 330,5 müň tonna nebit çykaryldy
30.08.23 - 16:18Şu ýylyň ýedi aýynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri Türkmenistanyň iň irki känleriniň birinden 330,5 müň tonna «gara altyny» çykardylar we gaýtadan işlemäge iberdiler. Munuň özi hasabat döwri üçin önümçilik meýilnamasynyň 112% töweregine deňdir.

Türkmenistanyň Mejlisi Kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak üçin ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň tekliplerini öwrenýär
29.08.23 - 22:50Türkmenistanyň Mejlisi häzirki wagtda raýat-hukuk hem-de daşary ykdysady gatnaşyklar, gidrometeorologiýa, gümrük işi, harby borçlulyk we harby gulluk, taryhy-medeni mirasy goramagyň meselelerini kadalaşdyrmaga gönükdirilen Kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak üçin ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri öwrenilýär.

Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
29.08.23 - 16:34Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona ýurtda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
29.08.23 - 15:27Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 58-si hasaba alyndy.