
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
28.03.23 - 19:23Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi
27.03.23 - 17:32Ýekşenbe güni Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.

Türkmenistanda Sergeý Rahmaninowyň ýubileýi mynasybetli «Rahmaninowyň bahary» atly konsertler toplumy geçiriler
27.03.23 - 01:432023-nji ýylyň 1-nji aprelinde bütin dünýäniň sungat ussatlary Sergeý Wasilýewiç Rahmaninowyň dogulan gününiň 150-ýyllygy mynasybetli dabaralary geçirer. Baýramçylyk çäreleri Türkmenistanda, Russiýa federasiýasynda, Germaniýa, Serbiýa, Fransiýa, Wengriýa, Finlýandiýa, Şweýsariýa ýaly döwletlerinde geçirilmegi meýilleşdirildi.

Mitro International we PETRONAS – Dubaýdaky Halkara roud-şouwyň hemaýatkärleriniň hatarynda
25.03.23 - 14:2726-27-nji aprelde Dubaýda (BAE) geçiriljek Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şouwyň öz işine başlamagyna bir aýdan sähel köp wagt galdy. Häzirki wagtda bu möhüm pudaklaýyn foruma taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär.

Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti bilen Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşar
24.03.23 - 10:51Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen «Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň ägirt uly meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga umyt edýändigini» belledi.

Serdar Berdimuhamedow Kataryň işewür toparlaryny Türkmenistandaky iri taslamalara gatnaşmaga çagyrdy
24.03.23 - 10:46Prezident Serdar Berdimuhamedow katarly hyzmatdaşlary ýangyç-energetika toplumyna degişli halkara turbageçirijileri we beýleki taslamalary amala aşyrmaga has işjeň we netijeli gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Katar bilen döwletara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň mümkinçilikleri hakynda
24.03.23 - 10:38Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kataryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygynda döwletara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin bar bolan mümkinçililere seretmegiň zerurlygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň Baştutany Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygynda belledi.

Türkmenistanda Nowruz baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi
23.03.23 - 19:0921-22-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ruhubelentlik bilen garşylandy.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
22.03.23 - 15:55Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

Türkmenistanyň halk artisti Rejep Allaýarowyň saz eserlerinden düzülen ýatlama konserti geçirildi
21.03.23 - 13:21Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda Türkmenistanyň halk artisti, «Gaýrat» medalynyň eýesi, saz-jemgyýet işgäri, kompozitor, professor, mugallym Rejep Allaýarowyň saz eserlerinden düzülen ýatlama konserti geçirildi.

Türkmenistanda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berildi
18.03.23 - 15:23Şu gün eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Aşgabatda senagatçylaryň hem-de telekeçileriň sergisi we maslahaty geçirilýär
18.03.23 - 14:2417-nji martda paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady. Şeýle-de bu waka mynasybetli maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Bilim ministirligine noutbuk satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
18.03.23 - 12:37Bilim ministirligine noutbuk satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Şerepli gaz ýatagynda ýene-de bir guýy önüm berdi
18.03.23 - 11:36«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan düzülen maksatnamalaýyn meýilnama laýyklykda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary häzir Mary welaýatynyň çägindäki Şerepli, Kelleli, Garabil gaz ýataklarynda guýularyň burawlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Burawlaýjylar täzelikde Şerepli gaz ýatagynyň 02 belgili ulanyş — baha beriş guýusyndan senagat taýdan ähmiýetli tebigy gaz akymyny aldylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan türkmen gazyny Türkiýä ibermek baradaky meselä şu gün seretmäge taýýardyr
17.03.23 - 22:22Türkmenistan türkmen gazyny Türkiýä ibermek baradaky meselä şu gün seretmäge taýýardyr. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşanda çykyşynda belledi diýip, TDH habar berýär.