Habarlar
16493d1fbec2c3.jpeg
Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy tassyklanyldy
22.06.23 - 09:45

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy hem-de ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge borçly edildi.


16491f3ee2ccbc.jpeg
Mejlisde Ýewroparlamentiň wekilleri bilen duşuşykda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
20.06.23 - 17:47

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýetiniň ýolbaşçysy Tomaş Zdehowskiý bilen duşuşygynda söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika we ynsanperwer-medeni ugurlarda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy.


1648d451ed1a67.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
17.06.23 - 10:31

Anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.


1648d3e09b53c6.jpeg
2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy geçiriler
17.06.23 - 10:00

2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň açylyşynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


1648d351468092.jpeg
Gurban baýramy Türkmenistanda 28-29-30-njy iýunynda belleniler
17.06.23 - 09:22

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Gurban baýramyny bellemek hakynda.


16489f2f2b8ba7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyna iş saparyny amala aşydy
14.06.23 - 22:03

13-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy


16489dae171d01.jpeg
Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär
14.06.23 - 20:21

13-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäherde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.


16489cbfda678b.jpeg
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bellendi
14.06.23 - 19:17

12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tegi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


1648764347a630.jpeg
Hökümet mejlisinde 2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi
12.06.23 - 23:30

Geçen şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


164876146132a4.jpeg
Türkmenistan Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynynyň «Ýol kartasyny» taýýarlaýar
12.06.23 - 23:17

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmagyny öwrenmek meselesine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2023-2024-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy barada hasabat berdi.


164833251ee1d8.jpeg
Türkmen-wenger gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
09.06.23 - 19:08

Şu gün Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapary bilen gelen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi.


1648330cd57100.jpeg
Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýanyň Premýer-ministri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
09.06.23 - 19:01

Penşenbe güni Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban iki günlük resmi sapar bilen Türkmenistana geldi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


164822ecfc33a9.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlislerine gatnaşýar
09.06.23 - 00:41

7-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisleri başlandy. Bu çärelerde Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk edýär diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


164822c4517e32.jpeg
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygy tassyklady
09.06.23 - 00:30

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan we Türkiýe bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy tassyklaýan Kanuna gol çekdi. Kanunyň teksti şu gün resmi türkmen metbugatynda çap edildi.


164807b2331250.jpeg
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň hyzmatdaşlygyny berkitmegiň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy
07.06.23 - 13:41

Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Ýapon komitetiniň başlygy Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen komitetiniň başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Tsubaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.