Habarlar
163e28df1c96dc.jpeg
Azerbaýjan Türkmenistan we Türkiýe bilen ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygy tassyklady
07.02.23 - 22:44

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistan we Türkiýe bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygy tassyklady diýip, Trend agentligi ýazýar. Karara laýyklykda, Azerbaýjanyň Maliýe ministrligine 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe sammitinde üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň makullan ylalaşygynyň düzgünlerini durmuşa geçirmeklik tabşyryldy.


163e28aa963106.jpeg
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň wekilleri ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
07.02.23 - 22:30

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýranyň Daşary işler ministriniň konsullyk, mejlis we eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Alireza Bikdeli bilen geçiren duşuşygynda syýasy-ykdysady, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


163e2308534c94.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe we Siriýa Arap Respublikalaryň Prezidentilerine gynanç bildirdi
07.02.23 - 16:05

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada ýurtlarynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.


163e12edd1539a.jpeg
Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy
06.02.23 - 21:46

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


163e12d2e66055.jpeg
Ýanwarda Türkmenistanyň jemi içerki önümi 6,2% ösdi
06.02.23 - 21:39

Ýanwar aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Bu barada wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.


163e12c1063066.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti: ýanwarda 2 mlrd manatdan gowrak maýa goýum serişdeleri özleşdirildi
06.02.23 - 21:34

Ýanwarda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna Türkmenistan boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 9,1 göterim artykdyr diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Hökümet mejlisinde aýtdy.


163de95fe68817.jpeg
«Türkmen halkynyň Milli Lideri — milli jebisligiň we mäkäm döwletliligiň daýanjy»
04.02.23 - 21:25

Şeýle at bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň pudaklaýyn edara-kärhanalarynyň zähmet köpçüligi, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow açdy.


163d9e5577e9ae.jpeg
Türkiýede 14-15-nji fewralda tebigy gazy eksport edijileriň sammiti geçiriler
01.02.23 - 09:06

14-15-nji fewralda Stambulda Merkezi Aziýadan, Ýakyn gündogardan we Ortaýer deňzinden «mawy ýangyjy» eksport ediji ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda gaz sammitini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatyh Dönmez habar berdi diýip, Anadolu agentligi habar berýär.


163d4a6aabb5af.jpeg
Hökümet mejlisinde TNGIZT-ni mundan beýläk hem döwrebaplaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy
28.01.23 - 09:38

Penşenbe güni Mary welaýatynda iş saparynda bolan Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.


163d3447d86509.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentine goşun generaly diýen harby ady dakyldy
27.01.23 - 08:26

Türkmenistanyň Prezidentine goşun generaly diýen harby ady dakyldy.


163d336ec59259.jpeg
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň bilermenleri Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
27.01.23 - 07:29

Aşgabatda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň bilelikdäki iş toparynyň iki günlük duşuşygy geçirildi diýip, türkmen DIM-niň saýty habar berýär.


163d335d4ab47e.jpeg
YHG-nyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisinde hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistanyň garaýyşlary beýan edildi
27.01.23 - 07:24

Daşkende Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Geňeşiniň (CMFA) 26-njy mejlisinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


163d15cb72ae9a.jpeg
Myrat BAÝRAMGYLYJOW, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Gaz çykaryş tehnologiýalary laboratoriýasynyň müdiriniň w.w.ý.ý.:
25.01.23 - 21:45

Myrat BAÝRAMGYLYJOW, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Gaz çykaryş tehnologiýalary laboratoriýasynyň müdiriniň w.w.ý.ý.:


163d159cdf21c9.jpeg
TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy Hindistanda ŞHG duşuşyklarynyň gün tertibine girip biler — Financial Express
25.01.23 - 21:33

2023-nji ýylda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýän Hindistan gurama agza döwletleriň daşary işler ministrlerini 4-5-nji maýda Goa geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşyga çagyrdy.


163cfbece0f5f9.jpeg
Sapar ATABERDIÝEW, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy:
24.01.23 - 16:19

Sapar ATABERDIÝEW, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy: