Habarlar
161335d648c125.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky Düzgünnamany tassyklady
04.09.21 - 16:49

Ýurtda awtoulag hyzmatlaryna bolan barha artýan islegleri kanagatlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak işini halkara talaplara laýyklykda has-da kämilleşdirmek, şeýle hem “Awtomobil ulagy hakynda” we “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


16131dde2a9d52.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow: nebitgaz pudagy Türkmenistanyň ykdysady garaşsyzlygyny berkitmekde esasy binýadymyz bolup durýar
03.09.21 - 13:33

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ykdysady garaşsyzlygymyzy berkitmegiň, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, kuwwatly, köpugurly önümçilik pudaklaryny döretmegiň esasy binýady bolup durýar.


16130de59a3ed0.jpeg
Türkmenistan Owganystana zyýansyzlandyryş erginlerini hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde berer
02.09.21 - 19:23

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip, Türkmenistan tarapyndan Owganystana lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli zyýansyzlandyryş erginlerini hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy.


16128a9aa0d8a2.jpeg
Wise-premýerler jogapkär edilip bellenildiler
27.08.21 - 14:00

"Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde...


16123b1f241376.jpeg
Türkmenistanyň döwlet düzümleri Owganystan bilen döwlet serhetleriniň goragy boýunça «Таliban» hereketiniň wekilleri bilen gatnaşyklary saklaýarlar
23.08.21 - 19:34

Türkmenistanyň döwlet düzümleri Owganystan bilen döwlet serhetleriniň goragy boýunça «Таliban» hereketiniň wekilleri bilen gatnaşyklary saklaýarlar.


16121e5a78d0b5.jpeg
14-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 76-njy mejlisi öz işine başlar
22.08.21 - 10:26

Şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 76-njy mejlisi öz işine başlar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlarynyň we teklipleriniň esasynda taýýarlanylan möhüm resminama hem-de birnäçe esasy ugurlary özünde jemleýän tekliper hödürlener.


1611fe3115586c.jpeg
Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçihanasy we Baş konsullyklary adaty tertipde işlemeklerini dowam edýärler — DIM
20.08.21 - 22:14

Owganystandaky häzirki içeri syýasat wakalary bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär, ýagny Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasy we ýurduň Hyratdaky hem-de Mazari-Şerifdäki Baş konsullyklary adaty tertipde işlemeklerini dowam edýärler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.


1611fdcc350f2a.jpeg
Türkmenistan daşary ýurt raýatlarynyň Owganystandan äkidilmegi üçin daşary ýurt uçarlaryna howa giňişligini üpjün edýär
20.08.21 - 21:48

Türkmenistan daşary ýurtlaryň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň howa gämileri bilen äkidilmegi üçin özüniň howa giňişligini üpjün edýändir diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.


1611778ec74a42.jpeg
Türkiýe Respublikasyna ynsanperwer kömegi iberiler
14.08.21 - 13:03

Türkiýe Respublikasynda ýangyn sebäpli ejir çekenlere lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.


161152eef199b0.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň täze binalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
12.08.21 - 19:23

11-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň serhet galasynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


16111268e935a6.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary kesgitlendi
09.08.21 - 17:58

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň möhüm wakasyna öwrüldi.


1610e3ab454fe2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
07.08.21 - 12:48

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY.


1610cfdebd59be.jpeg
Awazada Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
06.08.21 - 14:06

6-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky ýokary derejedäki forum “Awaza” Kongresler merkezinde geçirildi.


1610ca9953e257.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon söhbetdeşligi
06.08.21 - 08:16

5-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


1610bf61ca03a7.jpeg
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi
05.08.21 - 19:30

4-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.