Çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
05.04.24 - 04:16Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
02.04.24 - 05:541-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Döredijilik duşuşygy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy
29.03.24 - 18:41Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki Medeniýet köşgünde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa şäherdäki gaz ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde maslahat geçirildi
29.03.24 - 12:57Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginiň maslahat zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahat geçirildi,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde ylmy-amaly maslahat geçirildi
29.02.24 - 16:51Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, şeýle-de Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, ylmy-amaly maslahat we sergi guraldy.
Nebitgaz toplumynda hoşallyk maslahaty geçirildi
28.02.24 - 15:41Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi dolandyryş binasynda «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdy.
Ýurdumyzyň Ak bugdaý etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollar pul baýragy gowşuryldy
13.02.24 - 14:2312-nji fewralda Ahal welaýatynda 2023-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Ak bugdaý etrabyna degişli baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Arkadag we Aşgabat şäherlerini elektrikli otly birleşdirer
31.01.24 - 18:18“Akylly” şäher Arkadagy we ýurdumyzyň paýtagtyny Türkmenistanda hereket etjek ilkinji elektrikli otly birleşdirer. Otly bu aralygy bary-ýogy 18 minutda geçer.
Tokioda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline terjime edilen “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaby tanyşdyryldy
24.01.24 - 17:04Sişenbe güni Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Tsukuba Uniwersitetinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorlarynyň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline tejime edilen “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
16.01.24 - 11:29Türkmenistanyň milli şaşka merkezi «Nebit-gaz» gazetiniň, «Ussatnews» elektron gazetiniň redaksiýalary bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 33 ýyllygyna bagyşlap, sportuň şaşka görnüşi boýunça bäsleşik yglan edýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
16.01.24 - 08:31Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, işgärleridir hünärmenleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.
«Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary Abu-Dabi şäherine uçuşy amala aşyrdy
06.01.24 - 01:505-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu täze uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alan şeýle kysymly uçarynyň ikinjisi boldy. “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçarlaryň ilkinjisini geçen ýylyň dekabrynda kabul etdi.
ÝURDUMYZDA TÄZE ÝYLDA ILKINJI BÄBEJIK ARKADAG ŞÄHERINDE DÜNÝÄ INDI
05.01.24 - 12:192024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlykly wakalara beslenen ilkinji pursatlarynda ýurdumyzda täze ýyldaky ilkinji bäbek dünýä indi. Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde dünýä inen oglanjyga ata-enesi Arkadag diýip at goýdular.
Döwletliler köşgüniň baýramçylyk ruhunda bezelen zalynda Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi
02.01.24 - 05:421-nji ýanwarda Döwletliler köşgüniň baýramçylyk ruhunda bezelen zalynda Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda gazanan üstünlikleri halkara guramalary tarapyndan bellenildi
28.12.23 - 10:4827-nji dekabrda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň barşynda Türkmenistanyň 2023-nji ýylda gazanan esasy üstünlikleri bellenilip geçildi. Olaryň birnäçesi halkara guramalary tarapyndan şahadatnamalar bilen bellenildi. Bu şahadatnamalar maslahatyň bölümçelerinde gowşuryldy.